Sadakada hezil eden sen dälmi aslynda


Geň görmäň ýigitler. Bu hili pikir ýöretmelerimi! Meniň üçin gyzykly bolup
barýar töweregimde görýänlerim. Köp zat haýran galdyrýan boldy meni. Mysal üçin,
sadaka bermek. Näme üçin sadaka berilýär?. Manysy näme? Eger manysy düşnükli
bolsa netijesi nähili?.
Ine, sadaka barýaňyzda garnyňyzy mazaly zatlardan doldurýaňyz. Gürrüňe hem basýaňyz.
Myssyldap gülüp otyrýaňyz. Degişmeler hem edýäňiz. Siziň göwnüňize ýetmek üçin öý eýesi
ýegedekläp ýügürýär. Sizi sylap öýüne çagyrdy. Hezil eden siz. Şeýle dälmi aslynda.
Yzyndan molla ýada işan güwledip okaýar omyny. Dilegler hem edýär. Saglyk soraýar
Hudaýdan başymyz aman bolsun diýip sadaka berene. Okuwa gireni üçin sadaka
berene okuwynyň düşümli bolmagyny dileýär. Maşyn alyp sadaka berýäne Dawut pygamber
goldasyn diýýär.
Ine şu hili sadakalarda bolduňyz. Käbul bolsun diýip el galdyrdyňyz. Emma kabul bolmasa
näme? Şu halda özüňizde belli bir jogapkärligiň bardygyny duýýäňyzmy ýada ýok.
Berilen sadakanyň ýagny iýen zatlaryňyzyň netijesini yzarlaýaňyzmy ýada ýok.
Ýada garnyňyzy tegeläp öýüňize gaýdyberýäňizmi.Hiç hili jogapkärçilik duýmän.
Öýe gelibem öýdäkilere sadakada näme mazaly zat iýendigiňizi
aýdyp berip hoş bolup otyrýaňyzmy ýada ýok. Barysyndan beteri sadakany iýen siz
bolsaňyz näme üçin Allataga siziň ýönekeýje el galdyranyňyz üçin asmandan berekedi
güwldibermeli. Sadaka baryp garnyny doýuran siz bolsaňyz Allatagala bolsa siziň
sadakaňyzdan hiç zat iýmedik bolsa, näme üçin Allatgalany özüňize bergili edip goyyaňyz.
Siz tölemeli dälmi aslynda iýen berekediňiz üçin, hezil edip otyranyňyz üçin, öý eýesini
özüňize hyzmatkär edeniňiz üçin.
Ertir irden gelip, meni pylan ýere äkitmeseň bolanok diýse, siz tem taksiçi bolsaňyz,
sizden haýyş edýäniň sadakasyndan düýn iýen bolsaňyz bu gün ony hormatlap, maşynyňyza
mündirip mugtyna äkidip getirermisiňiz. Elbetde, ýok. Onda näme üçin onuň sadakasyna baryp
hezil etdiň. Bir şol el galdyranayň üçinmi. Emma seniň el galdyranyň netijesiz
bolup galan bolsa bu gün bolsa ondan maşyn üçin hak sorasaňyz bu adam size iki töleg
eden bolmaýarmy?
Häzirlikçe şu! Hoş wagtyňyz.
5 лайков 215 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
17 окт 2023, 19:17
Soňky çykan zatlar maşyn, okuw, iş we ş.m. zatlar üçin sadaka bermek, biri edýä welin, beýlekilerem kem galmajak bolup bergä batyp edýär, haýsy üýşmege barsaň:am şo bir mesler, şagal meslikde propiskada duranlar, iň gowsy mätäje berilen sadaka ...
Balary
17 окт 2023, 19:52
bir göz yetirenim zadym garyp bol, ortahal bol, depseñ deprenmez bolda uytgesik toy sadaka et adamlar barybir gybatyñy edyär. hem iyjek, hem tabagyñ eyesiniñ gybatyny etjek, hem saboy etjek, yene kabul bolsun dp turjak. mereziñ okyny kabul bolaymasa beyle adamyñ iyeni.
Yusup
17 окт 2023, 21:05
Aslynda olarynky sadaka dal. Zyyapat. Yagny myhman kabul etmek. Sadaka mataje berilya dok adama dal
Azasdym.
17 окт 2023, 22:20
Beyle berlen sadaka zadaka bolaya sadaka diylen zat hickime aytman bildirmin mataje berlen sadakadyr. Senin sadaka berenini dine sen birem huday bilse bolany.
Kelleagyryk
Автор 18 окт 2023, 13:59
Sag boluň dogry pikirleriňiz üçin
Hemedany
19 окт 2023, 22:06
Bir adamyň kabul bolsun diýeni gowmy ýa-da köp adamyň?