Hakyňy iýdirmeklik: isripmi ýa-da sadaka?
HAKYŇY IÝDIRMEK: ISRIPMI ÝA-DA SADAKA?
Şäheriň içinde gatnaýan ýolagçy awtobusyndan düşüp, petek hakyny tölemek üçin ýanymyzda bolan bäş ýüz ýa-da müň manatlyk teňňäni sürüjiniň gapdalyndaky kagyz gaba oklarysda, ol ýerde galanja pullardan gaýtargymyzy almak isläris. Emma ol ýere toplanan pullary sürüjiniň öz ýanynda ýygşyryp goýup, iki-üç sany elliligi göz üçin taşlandygyny bilip dursagam, gaýtargyny talap etmän, yzymyza döneris-de
«Sadakam bolsun» diýeris. Bazara aýlanyp bolarsyň, satyjynyň ýanynda sanaman alan gaýtargy pul desseleriňi, öýe gelip arkaýynlykda
sanap oturansyň. Her desseden 1, 2 ýa-da 3 sany on müň manatlyk kem çykar welin, bir-ä sanaman alanyňa ökünersiň, ertir baryp ýagdaýy mälim etseň edäýesiňem geler welin, «Aý bolýa-da, ähli zady Hudaý bilip durandyr, bu-da sadakam bolsun» diýersiň. Öýde-daşda,yolda-yzda bir zadyňy ýitirseň, gözläp-gözläp,usurgarsyň, ýadarsyň, zadyňdan aýrylmak käteler janyňdan aýrylmakça görner, ahyry hiç bir uç tapman, lapykeç bolup, tamaňy üzeniňden soň «Hudaýyň özi almak isländir, sadakam bolsun» diýersiň. «Sadaka müň bir belany dep eder» diýilýär. Taňry sadakaçyl adamlary gowy görýär. Aslynda-da niýetiň-päliň düz bolsa, Allanyň halamaýan adamy ýok. Ol hemmä deň garaýar, deň bakýar. Biz günde-günaşa aýdýan sadakalarymyz sebäpli iň eziz adamlar bolup galmaly. Ýöne her bir zadyň şerti, talaby, düzgüni, yoň bolan ýörelgesi, dessury-däbi, derejesi bar. Sadaka aýtmak başgazat, sadaka bermek başga zat. Onsoňam Hudaýyň alanyna sadaka diýilýärmi ýa-da özümiziň ilki berenimize. Sürüjiniň gizläp goýan gaýtargylary, bilip we bilmezlikden kem gaplanan pullar, huşsuzlykdan, biperwaýlykdan, gapyllykdan gidirlen we ýitirlen zatlar... sadaka bolup bilýärmikä? Sadaka düşünjesi biziň halkymyzyň arasynda dürlüçe teswirlenýär. Käteler «Hudaý ýoly», «Aýdylanjanly», «Sadaka» sözleriniň üstünde çapraz pikirler döreýär. Her kim öz düşünişine görä, olary aýry-aýry zat edip goýýar. Aslynda-da olaryň barysy bölek-bölek edilen bir jümläniň sözleri: «Hudaýyň ýoluna aýdylan janlyny sadaka bermek». «Sadaka» sözi «tasdyk, tassyk» diýen söz bilen kökdeşdir. Ol«Hudaýa beren sözüňi tassyklamak» diýen ýaly zat bolýar. Şu sözdenem görnüşi ýaly, sadaka üçin öňünden niýet etmek şert bolup durýar. Emma biz gowuşmak umydy gaçaňkyrlan zatlary, tapyljak tamasy ýiteňkirlän zatlary Hudaýyň ýoluna sadaka aýdýarys. Özümiz beremzok, emma talap edip bilmedik, tapyp bilmedik hakly zadymyzy «sadaka» diýip goýberýäris. Tapsak welin.., «Hudaýa şükür, nesibämiz aýrylyşmandyr» diýip, begene-begene yzyna alýarys. Gadym döwürlerde biz ýaly bir adam bolupdyr. Dogry ol bize garanyňda has akyllydyr, ýöne edýän hereketleri biziňkä çalymdaş bolansoň, özümiz yaly biri göz öňüňe geläýýär. Ol ýiten-ýitiren zadyny, azaşan malyny her gezek Hudaýyň ýoluna sadaka aýdar eken. Günler aşyp, nesibesi dartyp, ýene-de şol zadyny tapaýsa, gözüni dikip oturan zady alnyna gelen ýaly guwana-guwana garbap alar eken. Ana onsoň bir gün bu bendäniň kazasy dolýar. Perişdeler ony alyp gidip, jennetiň gapysyndan jykladýarlar «Ine, şu jennet» diýip, onuň bäri gyrasyndan bir künjüni görkezýärler. Ol adam jennetiň gyrasyny görenine monça bolýar, tamakinlik bilen aňyrlaryna göz aýlaýar. Şol pursat perişdeler ony dowzaha süýräp başlaýarlar. Ol bende rejäniň gowy däldigini duýýar. «Saklanyň, meni nirä alyp barýaňyz? Men Hudaýyň ýoluna günde-günaşa sadaka aýdýardym. Heý şolaryň sogaby bilen jennetiň töründen orun tapyp bilmerinmi?» diýip soraýar. Perişdeler oňa: «Hawa, sen öz ýitiren zadyňy, iýdiren hakyňy Hudaýyň ýoluna sadaka aýdýardyň. Soňam, tapan wagtyň ony yzyna alýardyň. Entegem Allatagala saňa geçirimlilik etdi. Şoňa görä-de biz aýdan sadakalaryň üçin-ä jennetiň gapysyndan jyklatdyk, soňra olary yzyna alandygyň üçin hem, seni yzyňa-dowzaha alyp barýarys» diýipdirler. Sadaka üçin kesilen malyň gaýdyp direlmeýşi ýaly, sadaka diýip aýdan zadyňyzy, soň tapaýanyňyzda hem, yzyna alman, mätäje-pukara ýa-da zerurlygy bolana sadaka bermek dürsdür. Ýokarda ýatlanylan ýagdaýlar, öz hakyňy talap edip bilmezlik
bolsa sadaka däl-de isripdir. Isrip bereketiň ýoguna ýanýan närsedir.
Onsoňam ol geleňsizlikler, «geçirimlilikler», «ýüregiň awamaklyk»,
«sebäpsiz tarhandökerlik» ýaly häsiýetler käbir adamlarda haram kesbe bolan batyl ynanjy berkidýär. «Ili aldap bolýar» diýen pikir bilen, nebsiniň yzynda şeýtana şägirt, hannasa halypa bolup geziberýär. Ýöne «Il» diýen sözüň «Alla» diýen manysy hem bar. Haky we halky aldamaga synanyşmak öz daşyňa kerep aýlamakdyr. Öz kerebine çolaşmaýan ýeke-täk jandar bolsa ol möýdür. Beýle ukyp adama bagyş edilmändir. Onsoňäm baýlykdyr, abraýy galplyk bilen gazanmak süýde suw garyp satmaga meňzeýär. Öňem biri şeýde-şeýde baýan eken.Ýöne bir gün ullakan sil gelipdir-de ýaňkyň ähli emlägini, malyny jaýyny ýuwdup-ýalmap gidipdir.Jemgyýet uly zat. Ýalňyşlygyny ýüzüne basmasaň, toba gelmeýänler, hatasyny ýaňzytmasaň, hakykaty gözlemeýänler, çökder günäsiniň jezasyny çekdirmeseň, özüni düzlemeýänler bar. Üstesine-de bu aglaba köpçülik bilen iş salyşýan adamlarda şeýle.Biziň her bir hereketimiz jemgyýetçilik terbiýesiniň bir şahasy, özboluşly sapagy. Özgeleriň ýalňyşmagyna görnetin sebäp döredýän bolsak,ol biziňem hatamyz. Özgeleri azaşmaga bilniksiz iterýän bolsak, ol biziňem günämiz. Ol hat-da Hudaýyň beren akyl-huşuny hem ýerliksiz ulandygymyz – isrip etdigimiz bolýar. Islendik ugurda, islendik ýerde, ähli ýaşda we ähli ýagdaýda özgeleriň säwlige uçramagyna sebäp bolmalyň. Iň bolmanda özümiziň dogry hereketlerimiz bilen nusga bolmaga çalşalyň. Onsoňam, hak ýola ündemegiň pazylaty sadakanyň sogabyndan üstün bolmasa, egsik däldir.
"Aýtmaly habarym bar" kitabyndan
RAHMET GYLYJOW

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.