Barça günäniň enesi Gybat bilen ýalandadyr; Ili aldamak tenesi Az berip, köp alandadyr. Men-menlikde gezer käsi, Günbe-günden bolar asy, Agyz içiniň yzasy «Gah-gah» edip gülendedir. Ýygjak bolup dünýä-zeri, Garyplara derdeseri, Zat diýp çapar baýy-piri, Gözi gumdan dolandadyr. Ne pakyry, ne daýhany, Ölüm bilmez begu-hany, Bir wagt çekerler puşmany Haly zebun bolandadyr. Zelili aýdar, bu haly, Kimse egsik, kimse doly, Eziz ömrüň zowaly Eltip göre salandadyr.
Комментариев нет