Döke başlady

Gomüldi derýalar, ýykyldy daglar,
Ýetimler gözýaşyn döke başlady.
Orramsydan bolan haramhor begler
Ýurdy birýanyndan ýyka başlady.
Jemagatsyz azan bir gury sesdir,
Niçe mollaň okan ylmy hebesdir,
Kazylaryň käri çaý bile nasdyr,
Bir bozuk nyşana tuta başlady.
Işanlary her gapyda tapylar,
Mollalarna ýok myjabat ýapylar,
«Öwlüýä men» diýip jögi sopular,
Gygyryp, asmana böke başlady.
Çykar beýabana gyzy, gelini,
Ak ýüzüne ýapar gara telini,
Kemçinlik eýleýip, ýygan puluny
Düzedip özüne daka başlady.
Dünýäde süýthoruň pul ýygma derdi,
Baýlaryň mallary bizekat erdi,
Toba ediň, gözüm bir ýaman gördi,
Dost dostuň köňlüni ýyka başlady
1 лайков 98 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.