MAGTYMGULY HEM GELIN
Günleriň bir gününde gelin-gyzlar üýşüşip, Magtymgulynyň
adamkärçiligini, ahlagyny taryp edýärler. Olaryň arasynda bir
haýasyzrak gelin bu sözlere pitiwa etmän:
— Asyl Magtymguly şahyr meni görenden saýraberse nä-
dersiň! — diýen.
— Saýramasyna-ha saýrar-la, ýöne hanjalygyna saýrajagy
belli däl! — diýip oturanlardan biri suňşurypdyr.
Özüne göwni ýetýän gelin zülpüni sypap:
— Göreli bakaly, şol şahyr akylyndan azaşyp, dünýäni unu
daýmazmyka — diýip, öýüne gelipdir-de, geýne bilenini geý-
nip, dakyna bilenini dakynyp, bezenip-beslenip, Magtymguly
nyň ýanyna ugrapdyr.
Gün öýläne agan wagtlary, şahyr öýüň töründe kiçijik de
mir sandygyň üstünde kagyzyny goýupdyr-da çöküne düşüp,
goşgy ýazyp otyr eken. Birden bir gara günüň öňüni kesip ge-
çipdir. Magtymguly başyny çalarak göterip, gözüniň gytagy
ny gana tarap aýlapdyr. Görse, bir näzenin gelin müň näz
kereşme bilen apbasyly köýnegini ýalpyldadyp, içerik giripdir.
Gelniň bezenişinden hem boýnuny bir gapdala gyşardyp,
göz güldürip, gaş kakyşyndan many aňlan Magtymguly ýüzüni
aşak salypdyr. Gelin onuň öňünden şaňňyrdap, eýläk-beýläk
geçse-de, epin aralaryna bägül salnyp, telim aýlap demir san
dykda ýatan keteniň beýhuş ediji ysy burnuna ursa-da, şahyr
oňa intipis etmändir.
Magtymgulynyň has golaýjagyndan geçmekçi bolan gelniň
agyr gyňajynyň uzyn seçekleri syýasy kepemedik haty zaýalap
dyr. Bu haýasyz gelniň gödek hereketine şahyryň aşa gahary
gelipdir, ol ýüzüni galdyrman oturşyna, «Geçersiň, gelin» di-
ýen goşgusyny düzüpdir:
«Işikden gelip sen, töre geçewer,
Ajyksaň, ak ölüm, çalyn içewer,
Uçgun syçramasyn, otdan gaçawer,
Köýnegiň köneldip geçer sen, gelin!
Bir ujypsyz dawa üstünde bolsun,
Görenleriň gözi kastynda bolsun,
Ýöräňde gözleriň astynda bolsun,
Isleseň dawadan gaçar sen, gelin!
Magtymguly bu sözleri diýmesin,
Adamyň öýkeläp nanyň iýmesin,
Etegne elmydam oglan siýmesin,
Reňňiň sargaryp öçer sen, gelin!
Ýüzi çapady ýaly gyzaran gelin dodagyny dişläp, gözüne
ýaş aýlapdyr-da, hamsygyp, çalt çykyp gidipdir.
Şondan soň Magtymguly şahyryň durnuklylygyny synan
adam tapylmandyr.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.