MYNASYP ŞÄGIRTLER
Hywadaky «Şirgazy» medresesinde okaýan talyplar üçin sal
nan darajyk hüjreleriň birinde Gündogaryň parasatly alym şa
hyrlaryndan biri — halkyň wepaly ogly Magtymguly ýaşapdyr.
XIX asyr türkmen şahyrlary Seýdidir Zelili hem şol medresede
okapdyrlar. Emma bularyň elleri ýuka bolany üçin, her haý-
sy bir hüjräni kireýine alyp bilmän, ikisi bir hüjrede ýaşamaly
bolupdyrlar.
Halk rowaýatlaryna görä bu ýerde elmydama bir hüjre boş
durýar. Şol hüjrede bir wagtlar Magtymguly şahyr ýaşap ge-
çipdir. Medresäniň däbine görä bu ýerde okap giden iň güýçli
talybyň ýaşan hüjresi, her tarapdan güýçli bolan bäsdeş şahyr
tapylýança boşdurmaly eken. Şonuň üçin bu ýerde okan talyp
lardan Magtymgulynyň hujresinde ýaşamaga milt edip bilen
bolmandyr. Diňe Seýdi bile Zelili käýarymlar baryp, şol hüj
rede gijesine ýatar ekenler. Sebäbi bular Magtymgulyny özle
riniňki, öz halypalary hasap edipdirler.
Bir sapar iki şahyr şol hüjreden çykyp gelýärkäler, gapdal
laryndan bir molla çykyp:
— Magtymguly siziň nämäňiz bolar? — diýip sorapdyr. Bu
lar:
— Magtymguly biziň ussadymyz bolar — diýip, jogap ber-
ýärler.
Onda Molla:
— Beýle bolsa Magtymgulydan bir şygyr okap beriň — diýýär. Şonda şahyrlaryň biri Magtymgulynyň:
Mollalar ahyret sözün söýlärler:
«Müňkür bolma, boljak işlerdir bular».
Kim biler ki ahyretde neýlärler, —
Iýip, içip, münüp, guçup öt ýagşy.
— diýen bendini okaýar. Bu setirler molla ýaraman, hüňür
däp, bularyň ýanyndan gidiberýär.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.