ÖLÜM ÝASSYGYNDA

Magtymguly näsaglap, ölüm ýassygynda ýatyrka, töwereginde
üýşüp oturan adamlara garap:
— Meni bir usullyk bilen, daşaryk çykarsaňyz — diýýär. Şa
hyryň dostlary, hossarlary onuň goltugyna girip, emaý bile da
şarky işige çykarýarlar. Şonda Magtymguly daş işikde, öýe ar
kasyny berip oturýar, onuň oturan ýerinden seri dumanlap du
ran gojaman daglar, ulgam-ulgam jülgeler, beýikli-pesli baýyr
lar, geçitler we ummasyz giden tekizlikler görünýär. Şahyr bir
meýdan garap duran soň:
«Seýil edeliň bu jahana,
Jahanda näler görüner;
Isgender Jemşid saldyrmyş
Beýik binalar görüner — »
— diýip başlanýan «Görüner» goşgusyny aýdanmyş.
Soňra Magtymguly:
— Meni indi öýe salyň — diýip aýdýar.
Magtymgulyny öýe salyp, deň-duşlary ony ýerinde rahat
ýatyrýarlar. Şondan soň şahyr tiz jan berenmiş.
1 лайков 117 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.