PARASATLY JOGABYŇ NETIJESI
Bir sapar ähli gökleň ilatynyň üstüne ýagy dökülýär. Obanyň
köp adamlary bile barabar, Magtymguly, onuň enesi, daýysy
hem giýewleri ýesir düşüpdirler. Bir gün han ýesirleriň arasy
na aýlanýar, ol Magtymgulynyň enesine ýüzlenip:
— Seniň menden näme dilegiň bar? — diýip soranda, ol
Magtymguly öz dilewarlygy bile hem boşap biler diýen netijä
gelip:
— Han aga,
Ogul bolsa bildedir,
Giýew bolsa ýoldadyr,
Dogan weli tanylmaz,
doganymy azat etseň
— diýende, han bu aýalyň parasatly sözlerine haýran galyp,
bularyň hemmesini hem boşadypdyr.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.