BOSA-BOSLUK

Büjnürt, Astrabat hanlarynyň talaňçylygyndan gaçyp giden
bosgunlar düýe-tegeli bolanlary üçin, hanyň atlylary olaryň
yzyndan ýetip, ogul-olja, gyz ýesir edip, alyp gaýdýarlar.
Şonda gökleňleriň aýderwüş tiresinden bolan bir dul aýa
lyň hem ýekeje ogly ýesir düşýär. Ol aýal Buzlypolat bile Mag
tymgula ýalbarýar:
— Eger ogluma agramna-agram pul diýseler hem alyň! —
diýýär.
Magtymguly edermen ýigitlere ýüz tutup:
— Bu gün ýesiriňizi agramyna alsaňyz, ertir nämä çekip
alarsyňyz? Başga biriňiz ýesir düşse, ondan hem ýaman bolar.
Minneti gylyjyň baljagyndan çekerler! — diýýär.
Ýigitler hyjuw bile ata çykýarlar. Magtymguly olara ýol
başçylyk edýär. Olar Eýran hanlarynyň nökerleriniň üstüne bir
gije dökülip, degerli adamlaryny ýesir alýarlar. Soň alşyk edip,
ýaňky aýalyň ogluny hem boşadýarlar. Oglanyň enesi:
— Hemme il meniň oglum hem doganym ekeni... — diýip,
bar zatlaryny jemagata paýlaýar.
1 лайков 140 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.