MAGTYMGULYNYŇ ÝAŞLYGY
Magtymguly ýaş wagtynda obanyň çekenesiniň owlakguzularyny bakar eken. Ol özi ýaly çopan-çoluklar bile dostlaşyp, ýakynlaryndaky öri meýdanlarynda olar bilen duşuşyp,
her hili oýunlar oýnaýarlar, kä wagtlar bolsa aýdym aýdyş-
ýarlar, tüýdük çalyşýarlar; matal, erteki we şuňa meňzeş halk
döredijilik eserlerini aýdyşýarlar.
Magtymguly ýedi ýaşda öz atasynda okap başlaýar, on ýaşa
baranda ol okamagy, ýazmagy başarýar. Ol çopanlardan öwrenen aýdymlaryny, kitaplardan okan goşgularyny ýatdan aýdyp
başlaýar. Soň özi hem bir-iki beýit kiçijik goşgular düzmäge synanyşýar.
Muhammetsapadyr Abdyllanyň ölümi bularyň güzerançylyklaryny agyrlaşdyrýar. Şundan soň Magtymguly güzerançylyk işler bilen meşgul bolup başlaýar hem okuwyny dowam etdirýär.
Al şeraba el uzatdym, emendim, —
Durusyn içmişler, laýa sataşdym.
Magtymguly on sekiz ýaşa baranda obadaşlary — özüniň
ýakyn daýzasynyň gyzy Meňlini söýüp başlaýar, Meňli hem
ony söýýär.
Günlerde bir gün Magtymguly Nedir şa tarapyndan Amyderýa boýlaryna göçürilen gökleňleriň arasyna gezelenje gid-
ýär. Polat diýen hem beýleki dostlarynyň kömek bermegi bilen
Magtymguly Gyzylaýakdaky Idris babanyň medresesinde okap
başlaýar.
Magtymguly görme-görşe, ylaýta-da söýgülisi Meňlini gör
mek üçin Etrege gelýär. Ähli oba adamlary gelip, Magtymguly
bile salamlaşýarlar.
Gökleňleriň ýaşulusy Buzlypolat hem gelýär. Ol geçmişden,
halkyň däp-dessurlaryndan gürrüň açyp, ahyrda Muhammet
sapanyň gelni Akgyzyň adamkärçiligi, ony başga ýere goýber
megiň gelşiksizdigi hakynda gürrüň açýar.
Magtymguly Buzlypoladyň näme aýtjak bolýandygyna düş-
nüp, ýer dyrmap, derläp oturar.
Soň ýaşulylar Akgyzyň razyçylygyny soraýarlar.
Akgyz:
— Köşegim, balam, diýip söýüp ýören gaýyn atamyzyň oja
gyny taşlap gidip bilmeris. Näme etseňiz, şony ediň! — diýýär.
Soň aýal-erkek üýşüp, Magtymgula ýalbaryp, oňa Akgyzy
ilteýärler.
Ilki Magtymgulynyň agalarynyň, soň bolsa Döwletmäm
mediň aradan çykmagy, olaryň hojalyklaryny agyrlaşdyrýar.
Onuň üstesine-de ýurtda gymmatçylyk bolýar.
Magtymgulylarda bir eşekden başga mal galmandyr.
Magtymguly bilen Meňli bir-birlerini söýşüpdirler.
Şeýle-de bolsa, Magtymgulydan almaga galyň bolmajak
dygyna hem Akgyzyň Magtymgula dakylmagyndan üýşenip,
Meňliniň razylygyna, närazylygyna garaman, doganlary ony
başga ýere beripdirler. Meňlini alan adamyň adyna Şyhym
Harpyk diýermişler. Meňli-de söýgülisi Magtymgulydan aýry
lanyna aglap gidipdir.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.