OGURLANAN ÇAGA
Magtymguly öz obalaryndan bir ýigit bile dag içine tarap awa
çykypdyr. Olar günüň gyrasy çykyberende bir çeşmäniň ba
şynda düşýärler. Şol wagt olaryň ýanyna bir atly gelýär. Olar
atly bile salam-helik edişip duran wagtlary, Magtymgulynyň
gulagyna bir çaga sesi eşidilýär. Atly suw-söl alyp gidiberende,
çaganyň sesi has-da batly çykyp başlaýar. Magtymguly ýaňky
adamyň bolup barşyny halaman:
— Garyndaş, bir azajyk aýak çekiň, ugruňyz nirä? — diýip
sorapdyr. Atly özüni bildirmejek bolup, barýan ugrum diýip
Magtymgulynyň öz obasyny salgy beripdir. Magtymguly öz ge
len ugruny salgy bermegini geňirgäp duran wagty, atly ýüzin
salaýypdyr.
Magtymguly ýanyndaky ýigit bile atlynyň yzyndan kowup,
ahyry ýetipdirler. Olar iki bolup ony öz obalaryna alyp gelip
dirler. Magtymguly ýaňky adamyny äkidip barýan çagasy bile
bir-iki gün öýünde saklanyndan soň, etek galalarynda bir daý-
hanyň çagasynyň ogurlanandygyny eşidýär.
Magtymguly:
«Bolsaň, ogurlanan çaga sen bolarsyň» diýip, öýündäki ça
gany şol adama görkezipdir. Dogrudan hem ol şol adamyň
ogurlanan çagasy eken. Çaganyň kakasy begenjinden nähili
hormat etjegini bilmän, ahyry özüniň gowy görýän atyny Mag
tymgula sylag beripdir.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.