YLYM ÝOLUNDA

Halaç raýonynda ýaşaýan ärsary türkmenleriniň arasynda şeý-
le rowaýat bar:
... Magtymguly öz obalarynda okanda, ony okadan molla
nyň mundan beýläk Magtymgula sapak bermäge güýji ýetmän
dir. Şonuň üçin hem mollasy:
— Men indi saňa sapak berip biljek däl, özüňe başga bir güý-
çlüräk halypa gözle! — diýip, oňa nesihat edipdir.
Soňra Magtymguly sorap-idäp, Halaç raýonynyň Gyzylaýak
obasynda bolan Idris babanyň adyny eşidip, şol taýa çöl söküp
ugraýar. Ýolda oňa duş gelýän ähli türkmen çarwalary Mag
tymgulyny oňat garşy alýarlar. Onuň üçin ýörite söwüş edýär
ler. Magtymguly hem öz goşgularyny olara okap berýär. Çar
walar onuň manyly goşgularyna haýran galýarlar.
Onuň her bir myhman bolup, düşüp geçen obasynyň adam
lary şahyry indiki barjak obasyna ýörite atly-ýaragly ugradyp
gaýdar ekenler.
Ähli türkmenleriň küren-küren obalaryny söküp, Magtym
guly ahyrda Lebap sebitlerine inýär. Ol sorap-idäp, iňrik gara
lyp ugranda Idris babanyň howlusynyň gapysyna barýar. How
lynyň gapysyndaky sopular Magtymguly bile gepleşip görýärler. Onuň ylmyna-bilmine, dünýäden gep urşuna haýran gal-
ýarlar. Olar öz ýanlaryndan «Bular ýaly adam biziň aramyz
da bolsa, bize san-sala ýetmez» diýen pikir bile Magtymgulyny
medresä goýbermändirler. Magtymguly lapykeç bolup, yzyna
dolanýar. Nirä barjagyny bilmän, oba arasy bile gidip barýar
ka, ýolda oňa bir ýaşuly daýhan sataşýar. Daýhan onuň üýt
geşik adamdygyny görüp, ilki salamlaşýar, soň ony öýüne alyp
gidýär.
Daýhan öýünde Magtymgula tapdyk hezzetini edip, ondan
mundan gürrüňleşip oturýarlar. Öý eýesi Magtymgulynyň
medresä goýberilmänligine haýran galýar. Bu işiň sebäbini bil
mekden ötri, ertirden soň ol adam Idris babanyň ýanyna ugra
makçy bolýar. Magtymguly oňa:
— Bir az aýak çekiň! — diýýär.
Aradan bir azajyk wagt geçenden soň, Magtymguly:
— Şujagaz kagyzy ýüzüň ugruna şol ýerdäki sopulara gow
şur! — diýip, ol adama bir hat ýazylan kagyzy berýär.
Soň eşitseler, şol kagyzdaky:
«Altmyş ýaşan, ýetmiş ýylky sopular,
Az galandyr aý-günüňiz batmaga;
Çöl ýerlerde tazy görmän tilkiler
Hyýal eder ýatan şiri atmaga»
— diýip başlanýan Magtymgulynyň «Sopular» goşgusy
eken.
Şol goşgyny okan sopular «Senden boldy-da, senden bol
dy!» — diýişip, biri-birleri bile ala-dawa turuzypdyrlar.
Daýhan Idris baba bilen gepleşýär. Ol bolsa — myhmanyňa
aýt, gelsin-de okabersin — diýýär.
Magtymguly ol gije daýhanyňkyda myhman bolup, ertesi
Idris babanyňka okamaga barýar. Magtymguly şol ýerde okap
ýörkä, töweregindäki daýhanlar ony myhmançylyga çagyrar ekenler. Magtymguly olara öz ýazan goşgularyny okap berer
eken.
Emma tiz wagtda Magtymguly şol ýerde ders berýän molla
laryň biri bolan Nyýazguly halypa bilen tersleşýär. Sebäbi Ny-
ýazguly halypa Magtymgulynyň ýiti zehinine, hakykatçylygy
na, ilat arasynda abraýynyň artmagyna göriplik edip başlap
dyr.
Magtymguly ol ýerden gitjek bolanda, «Bilmezmiň» diýen
goşgusyny ýazýar. Soňra Magtymguly başga medresä gidýär.
Emma ärsarylar ony hiç mahal ýatlaryndan çykarmaýarlar.
1 лайков 126 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Biohimik
29 ноя 2021, 12:47
Howa hazirki wagtda magtymgulynyñ oturyp okan yerleri bar saklap gelyarler