Rowaýat / OŇMADYK DUŞUŞYK

Magtymguly zamanynda Amyderýa boýlarynda, Buhara medreselerinde köp okan Nyýazguly halypa adynda bir ulama bolanmyş. Ol adam Halaç raýonynda, soň Pendi taraplarda medrese açyp, ders berip, köp sanda sopular saklar eken.

Magtymguly şahyr hem şol tarapa gidýän kerwenler bilen daklyşyp, öz eşegini münüp, Nyýazguly halypa gol bermek üçin gidenmiş. Şahyr baranda sopularyň bolýan ýerinde —myhman jaýda galmaly bolýar. Agşam oturyşykda sopular munuň näme maksat bilen gelendigini bilip, ertesi pirlerine habar berýärler:

— Bir eşekli gökleň şahyry saňa gol bermäge gelipdir — diýýärler. Nyýazguly halypa bolsa özüni göreýin hem diýmän, oýlanman: — Bize olar ýaly eşek münüp, şahyrçylyk edip, agzyna gelenini samrap ýören adam gerek däl, biz olar ýaly adamyň goluny almarys, gidibersin — diýýär.

Magtymgulynyň ýüregi möwç alyp joşýar, kagyz, galam alyp, «Bilmezmiň» diýen goşgusyny ýazyp, «Piriňize beriň» diýip, sopulara uzadar-da, eşegini münüp, öz ýurduna gaýdýar.

Nyýazguly halypa Magtymgulynyň bu goşgusyny okap gören badyna: «Wah, elimize şunkar guşy düşen eken, arman ony uçurypdyrys» diýip, sopularyny şahyryň yzyndan iberýär. Sopular Magtymgulynyň yzyndan ýetip:

— Seni pirimiz çagyrar, yzyňa dolan — diýýärler.

Magtymguly:
— Ok kemandan çykan soň, yzyna gaýtmaz — diýip gidiberýär.
0 лайков 145 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#динара.
11 сен 2021, 20:17
soňky puşman özňe duşman
Daýanç
11 сен 2021, 21:43
Hmw
Daýanç
11 сен 2021, 21:44
Hmw
Daýanç
11 сен 2021, 21:44
Hmw