Rowaýat / GÖRME-GÖRÜŞ
Magtymguly Buhara medresesinde okaýan wagtynda, onuň ders berýän halypasy bolupdyr. Magtymguly öz halypasyna hormat bildirer eken. Ol medreseden gaýdyp gelenden soň hem her iki ýyldan bir gezek Buhara gidip, öz halypasy bilen duşuşyp, görme-görüş eder eken.
Magtymguly bir sapar Buhara baranda, şäher derwezesi bagly bolýar, şahyr ertire çenli galanyň daşynda galýar, özi ýaly gijä galan adamlar şahyryň daşyna üýşýärler, Magtymguly olara bir näçe goşgusyny okap, dünýäniň geljeginden, boljagyndan gürrüň berýär. Emiriň dargalary Magtymgulynyň bu aýdýan zatlaryny ahyryna çenli diňläp bolanlaryndan soň:
— Bu adam dünýäniň gurluşy hakynda ýaňraýar. Geljegi, boljagy hudaýdan başga adam bilmez… — diýip, şahyry zyndana salýarlar.
Magtymguly hat ýazyp, bir adamdan öz halypasyna iberýär, halypasy bolsa emirden diläp, Magtymgulyny halas edýär.
Magtymguly halypasynyň ýanyna baryp, saglyk, amanlyk soraşyp, bir näçe gün Buharada bolup, soň öz ýurduna gaýdýar.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.