MAGTYMGULY WE NURY KAZYM
Buharanyň Gögeltaş we beýleki medreselerinde ders bermek
üçin çagyrlan Siriýa türkmenlerinden Nury Kazym ibn Bahr di-
ýen alym bile Magtymguly tanşyp, onuň bile dostlaşýar.
Günlerde bir gün Buhara medreselerinde okaýan talyplaryň arasynda dörän ahlaky bozuklygy halaman, Nury Kazym
ilki Isfihana gaýdar, soň Bagdada gidýär.
Birnäçe wagt geçenden soň, Magtymguly hem Buhara medresesini taşlap, ähli türkmen ilatynyň üstüni syryp, öz ýurduna
gelýär. Soňra dostuny yzarlap, Eýrana gidýär. Ol Eýranda kürtlere myhman bolýar, olar öz aralarynda galmagy Magtymgulydan haýyş edýärler, emma ol özüniň ýolagçydygyny aňladyp,
olar bile hoşlaşýar.
Magtymguly ilki gadymy Isfihan şäheri bilen tanşyp, soň
Bagdada Nury Kazymy ýanyna baryp, ondan köp zatlary öwrenýär.
Bular Nedir şanyň öňki soran ýerlerindäki geçýän syýasy
özgerişleri birin-birin gözden geçirip, türkmen halkynyň erkinligi hakynda maslahatlaşyp, ikisi Owganystanyň Käbil şährine gelýärler. Bu ýerde birnäçe wagt bolanlaryndan soň, ikisi Hindistana ugraýarlar. Olar baryp, Hindistanyň köp ýerleri bile tanyşýarlar, legendar Babyl guýusy hakynda soraşýarlar.
Penjab sebitlerini gezýärler.
Dostlar Hindistanda bir ýyl üç aý bolanlaryndan soň, ýene
Käbil şähriniň üsti bile geçip, Özbegistanyň, Andijan, Margelan
şäherlerine gelýärler.
Köp ýurtlary gezenlerinden soň bular ahyrda Horezme bar-
ýarlar. Bu ýerde Hywa hany — Ilbars hanyň zulmy astynda ilat
gaty horlanýan ekeni.
Şol ýerdäki türkmenler, Magtymgulydyr Nury Kazymyň öz
ýurtlaryna gelmeklerine gaty begenýärler. Şular ýaly abraýly
alymlaryň türkmen ilatyny Hywa hanlarynyň, Buhara emirleriniň, Eýran şalarynyň zulumlaryndan gutarmak ugrunda alada edýändikleri üçin, derrew aýaga galmak, Ilbars hanyň garşysyna baş götermek isleýärler. Hatda Geldi han diýen adamyň
ýolbaşçylygy bilen baş göteren türkmenler az wagtlyk özbaş-
daklyk gazanýarlar. Geldi hany bolsa özlerine serdar saýlaýarlar.
Bu ýagdaýdan soň, Nury Kazym bile Magtymguly maslahat
edip, zamanasynyň meşhur medreselerinden bolan «Şirgazy»
medresesinde galýarlar. Magtymguly «Şirgazy» medresesine
girende otuz bäş ýaşynda eken.
«Şirgazy» medresesinde öň diňe ýokary gatlak wekilleriniň
perzentleri okadylýar eken. Bular bu ýerde galanlaryndan soň,
ol medresä Arkaç sebitlerinden hem okamaga gelýänleriň sany
köpelýär. Şol gelenlerden Bäherdeniň Börme obasyndan bolan
Nazaraly diýen adam hem okuwa girýär. Nury Kazym, Magtymguly, Nazaraly üçüsi bir hüjrede ýaşap başlaýarlar. Nazaralynyň ilki sowady azrak bolany üçin, Magtymguly oňa kömek
berer eken.
Bu medresäniň ders berýän ussadyna Hazreti Pälwan diýer
ekenler.
Magtymguly Nury Kazymyň kömegi bile gaty ösýär, beýleki
talyplardan saýlanýar.
Aradan iki ýyl geçenden soň, Magtymguly ähli talyplaryň
damlasy (halypasy) bolýar. Okadýan ahun bir ýana gidende ta
lyplary okatmagy Magtymgula tabşyrýar. Magtymguly talyp
lara diňe bir ders bermän, olaryň jalaýlyk edýänlerine-de çäre
görýär. Bu ýagdaýdan soň, ahun ýaşalýan hüjrelere aýlanýar.
Nazaraly erbetçilik edilýän hüjräni görkezýär. Şondan soň ja
lataýlyk edýän talyplary medreseden kowýarlar.
Magtymguly medresede hem Nury Kazymda okamak bilen
birlikde, öz döredijiligini alyp barýar. Onuň türkmenden, öz
bekden, gazakdan, garagalpakdan we başga milletlerden köp
sanda dostlary we aşnalary bolupdyr. Şonuň üçin Magtymgu
lynyň bolýan hüjresiniň myhmansyz bolýan wagty bolmandyr.
Soň ol ýeke özi aýry bir hüjrä geçýär. Onuň bolýan hüjresi ha
kyky döredijilik öýüne öwrülýär, hatda Magtymgulynyň döre
dijilik ussatlygyna ders berýän ahunlar hem pitiwa berýärler.
Günleriň birinde şahyryň halypasy hazreti Pälwan onuň
«Jelil» diýen goşgusyny eşidip: «Magtymgulynyň aýdan zat
lary hemme adamlara başardardan açyk, muňa bu ylmy-
çäbikligi1 allatagallanyň dergahyndan berlipdir. Ol muňa ber
len uly ülüş. Bu adam hakyky hakdan içen» — diýen ýaly baha
lar berýär.
Magtymgulynyň dabarasy dag aşýar, onuň ady ähli ýerle
re ýaýraýar. Onuň öýüniň myhmansyz wagty bolmaýşy ýaly,
onuň özüni-de köp ýerlere myhmançylyga çagyrýarlar. Ähli
Kese Arkaç taraplaryndan hem ilat zat ýygnap, harçlyk diýip,
Magtymgula iberer ekenler, Magtymguly hem öz nobatynda ol
zatlary, harjylygy az talyplara berer eken.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.