«SIZ ELE BAKÝARSYŇYZ»

Geçen asyrlarda Buhara şäheri Orta Aziýanyň, Gazagystanyň
dini hem söwda merkezi bolupdyr. Ol ýerde bolan köp sanly
medreselerde dürli halkdan talyplar gelip okapdyrlar.
Türkmenlerden bolan talyplaryň hem köpüsi şol ýerde
okapdyrlar.
Biziň beýik babamyz Magtymguly hem Idris babadan soň
Buharada belli bolan medreselerden Gögeltaşda okamak üçin
hem ol ýerdäki kazy-kelanlara öz ýazan eserlerini pitiwa etdir
mek niýeti bilen Buhara şäherine gidýär.
Magtymgulynyň eserlerini okamak üçin birine berýärler.
Ol ruhany birnäçe wagtdan soň, Magtymgulynyň eserlerine
şeýle baha berýär:
— Magtymgulynyň goşgularynda yslam dininiň köp ýerle
rine şübhe döredýär. Ol özüniň başarmajak işleri, düşünmejek
zatlary dogrusynda gürrüň açýar...
Şundan soň ähli kazy-kelanlar üýşüp, Magtymgulynyň
eserlerini mekdeplerde, medreselerde, ilat arasynda okamaga
pitiwa bermändirler.
Magtymguly olara ýüzlenip:
— Siz egrini tapsaňyz, dogry bile bolmarsyňyz. Meniň ha
tyramy bir Allaýar agsakça-da görmediňiz, siz ele bakýarsyňyz,
siz halkyň öňünde azdyňyz, men hem sizden pyrak hem paryg
dyryn — diýýär.
Şondan soň şahyr:
«Pygamber ornunda oturan kazy,
Para üçin elin aça başlady»
— diýen goşgusyny ýazýar.
1 лайков 90 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.