ORAZMEŇLI ŞAHYR

Magtymgulynyň ýakyn dosty bolan Orazmeňli ýaş wagtynda
bir dul aýalyň Hanserwer diýen owadan gyzyny söýýär.
Bu ýagdaýy duýan gyzyň hossarlary, günleriň birinde hiç
kimeduýdurman, aýryýeregöçüpgidýärler. Emmadaglykýoldan barýarkalar, edil ýoluň ugrundaky bolan çeşmäniň gyrasynda bir uly gaplaň ýatyr eken.
Bularyň bilgeşle gyzy alyp gaçandyklaryny eşidip, Orazmeňli atlanyp, olaryň yzyndan at depýär. Olar gaplaňdan gorkuşyp duran wagtlary Orazmeňli ýetişip, ýüzüniň ugruna baryp gaplaňy çapyp öldürýär. Soňra Orazmeňli gyzyň hossarlaryna garap:
— Nähili etseňiz-de, gyz meni söýýändir — diýip, yzyna
gaýdýar1.
Günlerde bir gün Orazmeňli bilen Serwer gepleşip, bir ýana gaçyp gitmek üçin dilleşýärler we hem tanyşyk ýeri diýip,
dagyň çetinde bolan uly daşyň gapdalyny belleşýärler.
Nowruz günleri, aý aýdyň gije. Orazmeňli belleşenwagtyna
çenli bir öýde ýoldaşlary bile garaşyp oturýar. Ahyrda belleşen
ýerine barýar, köp garaşýar, emma Serwer ýok. Köp garaşandan soň, o ýan-bu ýana garasa, at aýagynyň yzy bar.
Orazmeňli yzy alyp gidýär, görse, gyzyň eltilen ýerinde toý
başlanypdyr.
Gyzyň üstünde galmagal başlanýar. Şonuň üçin bu ýere
derrew Magtymgulyny çagyrýarlar. Magtymguly «oýunçy utulanyny bilse ýagşy» diýip, dostuna basalyk bolýar.
Orazmeňli tolgunyp:
«Deň-duşlar ýanynda boldum bikemal,
Bir bikemal ýigit ili ýandyrar;
Akylsyza akyl bermek abasdyr,
Görüň, akyllyny däli ýandyrar.
Orazmeňli aýdar, inçedir, zildir,
Ýar lebinden daman gör, nije baldyr,
Han Serwerim bu gün bakjada güldür,
Bilbil köp saýrasa, güli ýandyrar».
Serwer söýgülisiniň ýangynly sözlerini eşidip, başyndan
bürenjegini sypyryp, zyňyp goýberýär-de:
— Men bu ýeriň gelni däl, men seniň bile gitmäge razy —
diýen manyny aňladýar.
Magtymguly ýalňyşlyk bilen agyr ýagdaýa düşen gözi ýaşly
Serweriň gyzaran ýüzlerine, balkyldap duran gözlerine garap:
«Gözel sen» diýen goşgusyny aýdýar.
Soň Magtymguly Orazmeňliniň elinden tutup, ony oba alyp
gaýdýar. Bular ýolda ondan-mundan gürleşip, obanyň töwereklerinde gezelenç edýärler.
Gezip ýörüşlerine Orazmeňliniň Serwer bilen belleşen uly
çynarynyň ýanyndaky daş görünýär. Şol baýyrlyga garap,
Orazmeňli şeýle aýdýar:
«Beýabanyň ýaýlagyna çykanda,
Ol görünen han Serweriň dagydyr.
Ýene görsem han Serweriň dagyny.
Aklymy teň eden gamy — dagydyr».
1 лайков 83 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.