Kitap näme ?

Kitap adamzada mahsus bolan maglumatlaryň
tükenmez çeşmesi we medeniýetiň mermer daşydyr.
Ol biziň görüp bilmeýän zatlarymyzy görkezýän, eşidip
bilmeýän zatlarymyzy eşitdirýän, asyrlary bir-birine
baglaýan köprüdir. Ol ençeme derdiň dermanydyr.
Diwarlary medeniýet kerpiçlerinden galdyrylan binadyr,
taryhda yz galdyran beýik akyldarlaryň dürdäne
setirlerinden ybarat bir ymaratdyr.
Jemil Meriç şeýle diýýär: “Men kitaplaryň
dünýäsinde ýaşadym. Okaýan eserlerimiň
gahrymanlaryny özüme ýolda-yzda gabat gelýän
adamlardan has ýakyn saýdym. Kitap meniň hususy
bakjam, durmuş ýolumyň çelgi daşy boldy.
Ýer yraň atýar. Eger, esfeli-safiline1 başaşak
gidesimiz gelmeýän bolsa, hüşgärligi elden bermeli däldiris. Halky şygarlar bilen dolandyryp bolmaz.
Erkin pikirlenmäge erkinlik bermeli. Biz, aslynda,
kitaplardan däl-de, kitapsyzlykdan gorkmalydyrys.
Kitap – gelejege ýollanan nama, tertibe giren
duýgy, mumyýalanan pikirdir. Kitap siziň bilen
bilelikde ýaşar, bilelikde boý alar”.
“Hiç kim kitapdan gorkmasyn. Kitapdan
gorkýan adam özüniň jogapkärçilik duýgusyny
öldürer. Jogapkärçilik duýgusyny ýitiren adamyň
ruhy başga älemlere göç eder, yzda bolsa diňe ten
galar. Aslyýetinde, adam ten bilen däl-de, jan bilen
ýaşaýandyr. Ýunus Emräniň aýdyşy ýaly: “Ölse, diňe
ten öler, janlar ölüji däldir”.
Geçmişi-geljegi ýakynlaşdyrýan, ynsany-ynsana
dost edýän hem kitapdyr. Ynsan ýa ölümi saýlar,
ýa-da kitaby. Kitaby saýlan adam uzak ýaşar. Hatda
ölümem ony öldürip bilmez. Sebäbi ol eserleri bilen
ölmez-ýitmez ömür gazanýar. Möwlanany hem ebedi
ýaşadýan onuň «Mesnewisi» dälmidir eýsem?!
Ruskin kitaplary wagtlaýyn hem-de hemişelikdiýip iki topara bölýär. Wagtlaýyn kitaplar peýdaly,
gyzykly söhbetdeşlikdir; syýahatnamalar, ýatlamalar
şolara degişli. Olar kän bir kitaba meňzemeýär,
esasan, hata, gazete meňzeýär. Hemişelik kitaplar
bolsa, söhbetdeşlik däldir, ýazgydyr. Birnäçe sahypa
sygdyrjak bolunýan tutuş bir ömür. Ebediýete ýollanan
nama. Hiç kimiň aýtmadyk we aýdybam bilmejek
hakykaty. Ýazyjy şol birnäçe sahypany ýazmak üçin
dünýä gelýär. Onsoň ol, gerek bolsa, pikirlerini
daşa-da ýazar.
Kitaphana her döwrüň, her ülkäniň ölmez-
ýitmez şahsyýetleriniň jemlenen ýeri. Bu ägirtleriň
söhbetine gatnaşmagyň ýeke-täk şerti – mynasyp
bolmak. Ybadathana biedepleri salmazlar. Diriler
näzikdir, ölümsizler – ynjyk. Hakykatdanam olary
söýseňiz, siziň bilen gürleşerler. Käteler bir kitaby
okan mahalymyz: “Nähili gowy kitap eken! Ýazary
edil meniň ýaly pikir edipdir” diýýäris. Bu söz ýalňyş,
oňa derek şeýle diýmeli: “Bu hakda owal pikir edip
görmändim, emma welin, dogry ýaly”. Ýa-da: “Şu mahal manysyna doly düşünýän däldirin, belki birnäçe
gün soň düşünerin” diýmelidiris. Ilki boýun bolmaly,
düşünmäge jan etmeli, soň netijä gelmeli. Hakyky
ýazyjynyň pikirlerine birbada düşünip bolmaz. Ýazyjy
aýtmakçy bolýan zatlaryny dolulygyna aýtmaz, asyl,
aýtmagam islemez, olary gizlär, meňzetmelere ýüz
urar.
“Her bir kitap – syrly bir köşk. Onuň gapylary
her gelene açylmaýar. Bizkitaplarda özümizi görýäris.
Kitaplar taşlanyp gidilen kerwensaraýlar ýaly boş,
olary doldurýan zat seniň aňyň bilen kalbyň...
Kitap – deňze oklanan çüýşe. Asyrlar ol deňziň
kenarynda oýnap ýören çagajyklar. Içine köňlüň iň
inçe duýgulary guýulan şol çüýşäni belki açarlar,
belkem açyp bilmezler”.
“Kitap yşyk girmeýän binalaryň kölegesinde üşän
mahalymyz bizi öz ýylyjak dünýäsine çagyrýan dost.
Ýarygije gapysyny kaksagam, birahat bolmaýan, ýüz
öwrenimizde gynanyp, öýke-kine edip ýörmeýän dost.
Bermegi halaýan, emma berende minnet etmeýän, berdim diýip, tumşugyny göge tutmaýan ýoldaş...
Indi ýer ýüzüniň iň güýçli ýaragy ne tank, ne
tüpeň, ne serdesse, ne awtomat, ne syýasy häkimiýet
ne-de mal-mülk. Bularyň hemmesi jemlense-de, ýeňip
bilmejek, gaýta, ýekeje özi hemmesiniň hötdesinden
geljek ýeke-täk güýç kitapdyr.
Dogrusy, kitap hem-de okamak barada aýdara
zat kän. Ýöne, näme aýtsaň-da, bärden gaýdar.
Käbir zatlary beýan ederden söz ejiz gelýär, oňa
diňe ýaşap göz ýetirýärsiň. Ine, kitap hem şonuň
ýaly. Ahmet Turan Alkanyň wasp edişi ýaly, ol yşka
meňzeş bir zatdyr.
1 лайков 145 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.