Kitap näme?

Kitap adamzada mahsus bolan maglumatlaryň tükenmez çeşmesi we medeniýetiň mermer daşydyr. Ol biziň görüp bilmeýän zatlarymyzy görkezýän, eşidip bilmeýän zatlarymyzy eşitdirýän, asyrlary bir-birine baglaýan köprüdir. Ol ençeme derdiň dermanydyr. Diwarlary medeniýet kerpiçlerinden galdyrylan binadyr, taryhda yz galdyran beýik akyldarlaryň dürdäne setirlerinden ybarat bir ymaratdyr.

Jemil Meriç şeýle diýýär: “Men kitaplaryň dünýäsinde ýaşadym. Okaýan eserlerimiň gahrymanlaryny özüme ýolda-yzda gabat gelýän adamlardan has ýakyn saýdym. Kitap meniň hususy bakjam, durmuş ýolumyň çelgi daşy boldy.
Ýer yraň atýar. Eger, esfeli-safiline1 başaşak gidesimiz gelmeýän bolsa, hüşgärligi elden bermeli däldiris. Halky şygarlar bilen dolandyryp bolmaz. Erkin pikirlenmäge erkinlik bermeli. Biz, aslynda, kitaplardan däl-de, kitapsyzlykdan gorkmalydyrys.
Kitap – gelejege ýollanan nama, tertibe giren duýgy, mumyýalanan pikirdir. Kitap siziň bilen bilelikde ýaşar, bilelikde boý alar”.
“Hiç kim kitapdan gorkmasyn. Kitapdan gorkýan adam özüniň jogapkärçilik duýgusyny öldürer. Jogapkärçilik duýgusyny ýitiren adamyň ruhy başga älemlere göç eder, yzda bolsa diňe ten galar. Aslyýetinde, adam ten bilen däl-de, jan bilen ýaşaýandyr. Ýunus Emräniň aýdyşy ýaly: “Ölse, diňe ten öler, janlar ölüji däldir”.
Geçmişi-geljegi ýakynlaşdyrýan, ynsany-ynsana dost edýän hem kitapdyr. Ynsan ýa ölümi saýlar, ýa-da kitaby. Kitaby saýlan adam uzak ýaşar. Hatda ölümem ony öldürip bilmez. Sebäbi ol eserleri bilen ölmez-ýitmez ömür gazanýar. Jelaletdin Rumuny hem ebedi ýaşadýan onuň «Mesnewisi» dälmidir eýsem?!

Ruskin kitaplary wagtlaýyn hem-de hemişelik diýip iki topara bölýär. Wagtlaýyn kitaplar peýdaly, gyzykly söhbetdeşlikdir; syýahatnamalar, ýatlamalar şolara degişli. Olar kän bir kitaba meňzemeýär, esasan, hata, gazete meňzeýär. Hemişelik kitaplar bolsa, söhbetdeşlik däldir, ýazgydyr. Birnäçe sahypa sygdyrjak bolunýan tutuş bir ömür. Ebediýete ýollanan nama. Hiç kimiň aýtmadyk we aýdybam bilmejek hakykaty. Ýazyjy şol birnäçe sahypany ýazmak üçin dünýä gelýär. Onsoň ol, gerek bolsa, pikirlerini daşa-da ýazar.
Kitaphana her döwrüň, her ülkäniň ölmez- ýitmez şahsyýetleriniň jemlenen ýeri. Bu ägirtleriň söhbetine gatnaşmagyň ýeke-täk şerti – mynasyp bolmak. Ybadathana biedepleri salmazlar. Diriler näzikdir, ölümsizler – ynjyk. Hakykatdanam olary söýseňiz, siziň bilen gürleşerler. Käteler bir kitaby okan mahalymyz: “Nähili gowy kitap eken! Ýazary edil meniň ýaly pikir edipdir” diýýäris. Bu söz ýalňyş, oňa derek şeýle diýmeli: “Bu hakda owal pikir edip görmändim, emma welin, dogry ýaly”. Ýa-da: “Şu mahal manysyna doly düşünýän däldirin, belki birnäçe gün soň düşünerin” diýmelidiris. Ilki boýun bolmaly, düşünmäge jan etmeli, soň netijä gelmeli. Hakyky ýazyjynyň pikirlerine birbada düşünip bolmaz. Ýazyjy aýtmakçy bolýan zatlaryny dolulygyna aýtmaz, asyl, aýtmagam islemez, olary gizlär, meňzetmelere ýüz urar.
“Her bir kitap – syrly bir köşk. Onuň gapylary her gelene açylmaýar. Biz kitaplarda özümizi görýäris. Kitaplar taşlanyp gidilen kerwensaraýlar ýaly boş, olary doldurýan zat seniň aňyň bilen kalbyň.
Kitap – deňze oklanan çüýşe. Asyrlar ol deňziň kenarynda oýnap ýören çagajyklar. Içine köňlüň iň inçe duýgulary guýulan şol çüýşäni belki açarlar, belkem açyp bilmezler”.
“Kitap yşyk girmeýän binalaryň kölegesinde üşän mahalymyz bizi öz ýylyjak dünýäsine çagyrýan dost. Ýarygije gapysyny kaksagam, birahat bolmaýan, ýüz öwrenimizde gynanyp, öýke-kine edip ýörmeýän dost. Bermegi halaýan, emma berende minnet etmeýän, berdim diýip, tumşugyny göge tutmaýan ýoldaş... Indi ýer ýüzüniň iň güýçli ýaragy ne tank, ne tüpeň, ne serdesse, ne awtomat, ne syýasy häkimiýet ne-de mal-mülk. Bularyň hemmesi jemlense-de, ýeňip bilmejek, gaýta, ýekeje özi hemmesiniň hötdesinden geljek ýeke-täk güýç kitapdyr. Dogrusy, kitap hem-de okamak barada aýdara zat kän. Ýöne, näme aýtsaň-da, bärden gaýdar. Käbir zatlary beýan ederden söz ejiz gelýär, oňa diňe ýaşap göz ýetirýärsiň. Ine, kitap hem şonuň ýaly.
17 лайков 124 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Amalia
11 авг 2021, 10:36
Like canm
Biohimik
11 авг 2021, 20:46
Sps