Alaçsyz söýgim 2-nji bölümi...



Ol meniň elimden tutup,elimi gysdy.Dostuna jaň etdi,maşyny alyp gel diýdi.Meniň zähräm ýaryldy.Gorkujyma sandyrap aglap başladym...
-Meni goýweräý Batyr,meni masgara edýäñ!Synpdaşlam nähili pikir eder.
-Bolýar goý aglama janym!Men seni goýberýän,ýöne sen maňa bir zady söz ber!Men seni çyn ýürekden söýýän!Sen maňa durmuşa çykarmyň?!
Men çaltyrak sypmak üçin boýnuma almaly boldum.
-Bolýar men razy!
-Onda maňa söýýän diýdä janym!
-Söýýän seni Batyrym!
-Maňa telefon belgiñi goýup git,indi seni sypdyryp biljekdäl!
Men oňa telefon belgimi berdim.Olam elimden ýuwaşjadan goýberdi.Men başymdan dag syrygan ýaly boldum.Men hoşlaşmakçy boldum,olam razy boldy.Meniñ Batyryñ ýanynda duranyma 1 sagatdan geçipdir.Men şol durşuma öýe geldim.Hawwa men ony aldadym.Oña öz nomerimi däl-de gabat gelen nomeri aýdypdym.Sebäbi meniň razylygymy öz erkime aýtdyrmady.Maňa sütem etdi ahyryn.Hi beýle oglana-da janyñy ynanyp bolarmy?Men ony düýbünden unutmak isledim.Imodan düýbünden çykdym.Imo girmeli etmesin!Indi hezildi,alada ýok.Diñe okuwa ykjam ýapyşdym.Ol hakynda welin birje-de oýlamazdym.Men ony doly ýüregimden çykardym.Şol günden soň hiç hili hiç ýere çykmajagyma özüme lebiz etdim.Diňe mekdep öý şondan aňyry geçemokdym.Iñ bolmanda dükana gitmeli bolsada kiçi jigimi ugradardym.Sebäp diýseň gorkýardym.Birini aldaňsoň arkaýyn gezip bolanok eken.Bu duýgym hem wagt geçdigi saýy unudylyp barýardy.Meniñ begenýän zadym,meniñ oña beren özüm hakyndaky maglumatlarym meni halas etdi.Meniñ okuwçydygymy bilenokdy.Ol bolsa 97-nji ýyl oglan eken.Aýlar geçip gitdi.Meniň ýüregimdäki Batyr hakyndaky pikirler düýbünden unudyldy.Orta mekdebi tamamladym,ýurdumyzdaky ýokary okuw jaýlarynyñ birine synanyşdym.Nesibe bolmasa bolmaýar eken.Soraglary doly ýazjak bolup wagt azlyk etdi.Ýogsa ähli soraglary edil suw içen ýaly bilýärdim.Dilden aýdaýyn diýsem,"Bolanok"diýdiler.Men aglap ýaram-ýaş bolup öýe gaýtdym.Meniň höwesim,arzuwym ýerine gowuşmady.Men muña diýseñ gynandym.Ýöne,"Utulan göreşden doýmaz!"diýilişi ýaly menem okuwdan ünsümi sowmadym.Tomus aýlarydy joramyñ durmuş toý etdi.Toýuny iñ gowy toý mekanynda edýärdi.Menem iñ ýakyn jorasy bolamsoñ ýanyma swiditel bolaý diýdi.Menem joramyñ göwnüni ýykyp bilmedim.Men owadan bolup salondan çykdym.Toýda swiditel bolmagy öñ halasamam,bolup görenimden soň gaty ýigrendim.Oglanyñ ýanyndaky dostlary ýöne söz gatyp günüme goýanokdy.Menem ýüzümi demir darak bilen daraýardym.Hijisine jogap beremokdym.Gyzyñ ýanyndan aýrylmaga gorkýardym.Yzymdan galanokdylar.Toý sowuldy,menem öýmüze gaýtmak üçin taxi duzurdym.Salgumy aýtdym,olam razy boldy.Men taxiçiñ ýüzünede kän bir üns bermändirn.Tanyş ses eşidildi.Men onuñ ýüzüne seretsem,ol Batyrdy.Ol şol bada meni tanady.Ol meñ ýüzüme nejis seretdi.Maňa bakyp,
-Gözel şol günä elin aldadyñaý!Sen gaty artist ekeniñ!Näme aldasaň,gowy gezern öýtdüñmi,indi meniň seni aldaýşyma bir seret!?!"
Men sesimi çykarmadym.Ol bolsa şol sorag berip gidip otyrdy.Meniñ öýümdenem geçdi.Men saklajak bolsam hiç durmady.Meni bir obalyga alyp gitdi.Men şeýle gorkýardym.Näme etjegimi bilmän diňe Alladan kömek soraýardym.
-Allajan ýamana nesip etdirme!Allajan özüň gora,maña zalymlyga duçar etme Allahym!
Gözümden göz ýaşlarym syrygyp gitdi.Ýary gijeden aşypdy,sagat 2 töweregidi.Bir çet adam-gara ýaşamaýan ýerde maşyny saklady.Özi bilen maşyndan düşürdi,daş töwereklerine seretdi.Menem jan howruma gygyrasym geldi.Ýöne meni eşitjek adam gara ýokdy.Şonda-da sesim ýetdiginden gygyrdym.Alajana ýalbaryplar agladym.Olam sesimi eşitmesin diýip meni maşyna saldy.Olam yzyna geçip ulagy gulpladygy yzdan bir ulag saklandy.Gygyran sesimi eşiden bolaýmala diýip Allaha ýalbardym...
Bir oglan atygsap maşyndan düşüp maşynymyzyñ gapysyna geldi.Ol hem şol toýda maňa söz gatan oglanlaryñ biridi.Ol maňa seredip doňup galdy.Men bolsa oňa seredip,elewräp aglaýardym...

Dowamy bar...
5 лайков 361 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Enegul
19 дек 2021, 18:41
like
Enegul
19 дек 2021, 18:41
yzynam ýazaýda
Gultac
19 дек 2021, 18:47
Yzynam yazda
#динара.
Автор 19 дек 2021, 18:49
Cicek,
ertir:)
Enegul
19 дек 2021, 18:50
Цитата: Miss_minnosh
Cicek,
ertir:)

wai 3unjinem ýazaý indi
Gultac
19 дек 2021, 18:59
Kino yaly etdina
#динара.
Автор 19 дек 2021, 19:02
Cicek,
kinodan nm kemi bar?!
XYIVENIA
19 дек 2021, 19:46
Birinji bolumde oglanyn ady Meylis dalmidi? Eyyam Batyr bolupdyr