Alaçsyz söýgim 6-njy bölümi...
Arslan bilen iñ soñky gezek görüşmek isledim.Ähli zatlary şol ýerde aýdarn diýen karara geldim...
Arsalana jañ etdim...
-Salam Arslan
-Salam Gözelim gowymy?
-Oñat,siz nähili?
-Erbet bizä,bu näme etdigiñ boldy?Meni ýüpsüz bagladyña?
-Ýok,bolýar men saña aýtmaly zatlarym bar,saña ýüzbe-ýüz ähli zatlary düşündirjek.
-Boýar,haçan?
-Häzir gelip bilýäñmi?
-Bolýar bardym.
-Sag bol!
-Sag bol!
Sagat 22 töweregidi jañ etdi ýola çykdym.Ulaga mündüm.Ýene-de ho:l wadalaşan ýerimiz bolan baglyga geldik.Ulagy saklady.Men ulagdan düşdüm.
-Hawwa indi aýdyber diñleýän,näme bahana?
-Bahana däl,ejeme sen hakdaky eşiden ýaman gürrüñleri başdan aýak aýdyp beripdim.Ejem şonda maña señ bilen gürleşseñ razy däldigini aýtdy.Hool gün gudaçylyga gelenlerinde,ejeme düşündirsemem,ejem olary kowup goýberdi.Men senden ötünç soramaga geldim.Bagyşla!!!Men sözümde durup bilmedim.Indi biziñ ýolumyz aýry düşdi.Ejem dagy meni başga birine durmuşa çykarýarlar.Men saña şu zatlary aýtmagymyñ sebäbi,sen hakdaky düýşlerim meni öz erkime goýmady.Meni bagyşla,men wadamda durup bilmedim.
Bokurdagym doldy.Zordan göz ýaşlarymy sakladym.
-Näme?!!!Sen näme meñ duýgym oýunjakdyr öýdýäñmi?Men sensiz ýaşap bilmejegimi aýtdyma janym?!Ýok,men muña ýol bermen!Men seni ýürekden söýýän!
-Bagyşla,Arslan indi biz gürleşip bilmers...
-Sen näme diýýäñ?Men seni nädip ile bereýin!Men seni goýbermen!
-Men ejeme wada berdim.Ejem maña has ýakyn.Çünki ejem getirdi meni şu dünýä,sen şoña düşün!
-Sen şol barjak oglanyñ bilen bagtlymyñ?
-Bagtly däl,alajym ýok.Nädeýim,enem-atamyñ göwnini ýykyp bilmedim.Sen öñ birinji söýgiñi görüpsiñä,onsañ nädip iki gezek söýüp biljek?Men köp pikirlendim.Meniñ başga alajym ýok...
-Sen meni söýýädiñä?!
-Hawwa söýýädim,häzirem söýýän!Ýöne mañlaýdan çykyp bolanoga ahyry!
-Çykyp bolýar,sen şu gün göni bize gidýäñ!
-Näme ýo:k sen näme diýip dursuñ?Ejemjan menden razy bolmaz...
Bogazym doldy,göz ýaşlarymy dyndyrman,Arslan bilen gürleşýädim.
-Ýok,menem söýgimi ýitirjekdäl!Seniñ ejeñi gowy görüşiñ ýaly menem seni söýýän Gözel!
-Haýyş edýän,meni lebizimden dändirme!Eýýäm,sähedimiz bellendi.10 günden toý bolmaly.
-Bolubersin sen meniñ bilen gidersiñ!
-Ýok Arslan men öýe gitmeli sag bol!
-Nirä barýaň dur!
Men ýöräp başladym.Göz ýaşlarymy syryp gaty ýöreýärdim.Sen yzymdan gelip,elimden sakladyñ!
-Dur,nirä barýañ?
-Arslan goýber elimi!
-Goýbermen näme men söýgülimden geçmelimi señ ejeñ üçin.
-Goýbeeeerrr Arslaannn!
Meniñ iki elimden tutup maşyna oklady.
-Arslan,seniñ kelläñ üýtgedimi?
-Men seni söýýänligime düşün,men seni başgalara berjekdäl!
-Goýber,meni Arslan öýüme düşür.Men saña ählisini düşündirdimä!
-Ýok,indi bu gezek men seni goýbermen!Sen meñki bolarsyñ!
Men aglaýardym.Ýo:k aglamok,uwlaýardym.Hawwa,meniñ ölesim gelýärdi....Bir çola ýerde maşyny saklady.
-Köşeş janym,aglama!
-Ejemiñ ýüzüne nädip seredern Arslan!
-Ejeñlere gitmersiñem!Köşeş ejem dagy görende ýaram-ýaş bolaýma!
-Arslan meni näme üçin wyźdansyz goýýañ!Beýtme Arslan,haýyş edýän meni goýber.
-Ýok goýbermen sen köşeş janym,indi hemmesini unut!
-Ýok,unudyp bilemok.
1 sagat gowrak aglap-aglap ahyry köşeşdim.Arslan maşyny sürüp,beýik owadan jaýyñ derwezesinde saklady.Derwezäni açyp,meni ulagdan düşürdi.
-Janym,geljekki öýüñe hoş geldiñ!
Men sesimi çykarmadym.Krantda ýüzümi ýuwup süpürdüm.Öz eptime seredip,öýe girdik.Hemmesi ýatan eken intägem.Garaz,şeýdip Arslanyñ gelni bolmaly boldum.Hemmesi hem gowy adamlar eken.Ertesi,ejem maña jañ etdi.Telefony Arslan aldy.
-Salam gyzym nirde sen?
-Salowmaleýkum gelneje,men Arslan?!
-Gözel nirede,sen näme işleýäñ gyzymyñ ýanynda?
-Gözel meniñ gelnim,ol bizde indi.
-Näme,sen gyzymy alyp gaçdyñmy?Garaş,men üstüñe polisiýany iberern.Men gyzymy saña bermen!
-Gyzyñ gitjegini bilýäñmi?
Telefon goýuldy.Agşam ara ejem dagy öýe geldi...Ikimiz bir jaýa geçdik.
-Gyzym sen näme meñ ýüzümi gyzartdyñ?!
-Ejejan,meni bagyşla meniñ başga alajym galmady.
-Gyzym sen bizi masgara etdiñä?Ýör öýe gideli.Munuñ ýaly haram öýde ýaşama gyzym!
-Ýok,ejejan indi men gelin bolamsoñ,bu ýerden gidip bilmern.
-Gyzymjan,sensiz içim gysýara gidäýeli,soñ toý ederis balam.Arslan gerek bolsa,şoña toý edip beräýers.
-Eje toý onsuzam bolar,ýöne men bulardan rugsatsyz gidip biljek däl!
-Näme!!!
Ejemiñ ýüregi gyýym-gyýym boldy.Aglap-aglap närazy bolup gitdi.
-Indi gaýdyp yzyña geläýme!Men seniñ ejeñ däldirn!Sen meniñ gyzym dälsiñ!
Ejem şeýlebir gynanyp gitdi welin ýüregim parçalanyp gitdi...
-Ejejan dursana...!
Ejem asla yzynada seretmedi.Ýañky jaýa geçip gapyny gurdum.
-Wah,men ejemi aglatdymmy?Ejemjany närazy etdimmi?
Meniñ dälliräsim geldi.Bu hupbaty ýüregim göterenokdy,özümi heläkläsim geldi.Ejemjany närazy edip bagtly bolmajagyma doly gözüm ýetýärdi.Men özüme sütem edip başladym.Jaýy söküp,bir zatlar gözleýärdim.Pyçak,derman,uksus,ýüp...
Gapy kakyp Arslan gygyrýardy.
-Göözeeel aç gapyny!
Gapy döwlere gezek geldi.Men bolsa tekjeleri açyp başladym...
Dowamy bar...
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.