Alaçsyz söýgim 5-nji bölümi.

Onuñ agysyna ýüregim dözmedi.Men razy boldum.Ol meni şähere çagyrdy.Maña onuñ ýanyna barmak kyn bolsa-da,barmaly diýen netijä geldim.Ähli zatlar Arslanyñ ýanyna baranymdan soñ başlandy.
Meniñ ruhym sarsdy.Bar añym Arslanly düýşüm maña ynjalyk berenokdy.Ol daşary çykyp Arslana jañ etdim.Arslan ulagly geldi.Men ulaga mündüm.Onuñ haly harap görünýärdi.Ol biraz gürlemän dymyşlygy bozdy.
-Gözel,men saña çigit ýaljagam ýamanlygym ýok!Men saña ýetmek üçin bar zatdan geçmäge taýyn.
Men sesimi çykarmadym.Ulagy baglyk mellekleriñ birinde saklady.Biz ulagdan düşdük.Ol meniñ elime pyçak gysdyrdy.Inim sarsdy.Pyçagy ýere taşlap gygyranymy bilmän galdym.
-Gözel,meni öldür.Men sensizlikden,seniñ eliñden ölenim gowy.Meni öldür!
Ol göz ýaş döküp aglap başlady.
-Meniñ ýaşasym gelenok!
Men özümi saklap bilmedim.Muña rehimsiz serederden juda ejizdim.Arslanyñ meniñ öñümde beýle ejizligine ýüregim ezildi.
-Men seni söýýän Gözel!Sen maña dolanmasañ,maña bu durmuşyñ geregi ýok.Men sensiz ýagty ýollary görüp bilemok.Sensiz durmuşyñ gyzygyny duýup bilemok!Bilemok Gözel!
Onuñ haly meniñkidenem beter göründi.Men aglap başladym.Bu gözýaşlarym,Arslana bolan söýgiden dolup akýan mähir gözýaşydy.Arslan menden gerekli jogap aldy.Meni bir pursatlyk bagryna basdy.Meniñ söýgiden doly ýüregim Arslana baglandy.Biz uzak wagt gürleşdik.Biz täzeden sähedi belläp,toý tutmaga howlukdyk.Arslan meni öýümize düşürdi.Öýe barsam hemmesi ýatan eken.Ertesi ejemjana ähli zady ýeke-ýeke aýdyp berdim.Ejemiñ ýüzi üýtgäp gitdi.
-Gyzym sen akyllysyñ öýdýärdim.Bizi masgara etdiñä balam!Men nädip beýle oglana seniñ gyz halyña berip bileýin.Men ony edip bilmern.Sen indi Arslana durmuşa çykmarsyñ!Men namysly heleý,öz gyzymy päli azan oglana berip biljek däl!
-Ejejan men ony söýýänä!
-Gyzym onuñ hajy-hujugyna ynanma!Nesip bolsa,mañlaýyña gowy oglan ýazylandyr balam!
Men sesimi çykaryp bilmedim.Sebäbi ejemi gynandyrasym gelmedi.Ejemiñ ýüregini agyrtmak islemedim.Ejem hamala men gidip barýan ýaly boldy.
Ejem aglap başlady.Men ejemiñ ejizläp aglaýşyna dözüp bilmedim.Köşeşdirmäge çalyşdym.
-Ejemjan,men düşündüm sen kime berseñ şoña-da durmuşa çykarn!
Ejem meniñ elimden gysyp and içdirdi.
-Gyzymjan,sen meniñ ýeke gyzym,ýeke baýlygym!Seniñ bagtyñ,meniñ bagtym!Seniñ bagtly bolanyñy görsem bu dünýeden armanym ýok.Gyzym şol oglan bilen gürleşmejegiñe maña söz ber gyzym.Meni aldama gyzymjan!
Meniñ bokurdagym doldy.
-Bolýar,ejemjan men Arslan bilen asla gürleşmern.
-Gyzym meni närazy edäýmegin balam?!
Meniñ inim tikenledi.Ejemjany bagryma basdym.Ejemjan,men señ sözüñden çykmarn käbäm!
Ejemiñ ýürek agyrysy bardy.Men ejemi gynandyryp biljekdäldim.Men şeýdip Arslandan doly elimi çekdim.Ony unutmaga çalyşdym.Ýöne onuñ boluşy göz öñümde aýlanar durardy.Men telefony hem zyñdym.Maña telefonam gerekdäl!Şu telefon sebäpli,men şu günleri görüp ýörn.2 günden bize Arslanlardan gudaçylyga geldiler.Ejem olary öýede salman kowup goýberdi.Men näme etjegmi bilemokdym.Özümi ahmyrly duýýaryn.Ejemi begendirsemem ýüregim Arslan diýdi durdy.Näme etjegimi bilemokdym!Men öz ugruma soñsuz ýatlamalara garylyp ýaşaberdim.Meniñ hiç zat bilen ugrum bolmady.Maña her ýerden gudaçylyga gelip başladylar.Men hijisine razylyk bermedim.Ejem bolsa doganynyñ ugradan gudasyna beresi geldi.Ejem maña şoña durmuşa çyksam,razy boljakdygyny aýtdy.Men näme etjegmi bilemokdym.Arslany ýüregimden çykaryp bilemokdym.Men ol oglany hiç tanamok ahyry!Men oña nädip durmuşa çykyp bilerin.Ejem-kakam ýerli-ýerden şol oglana razy bolup,meni şoña bermek isledi.Menem razy boldum.Olar meni eýdip-beýdip razy etdiler.Ol oglan bilen toýdan öñ gürleşmelidim.Olam obaly oglan bolansoñ,sadady.Ýöne bir kemi kän sypaty ýokdy.Horja uzyn boýly oglandy.Dogrusy,men ony kän halamadym.Aý nesibedäkini görersdä.Razy däldim,emma toýa razy bolmaly boldum.Iki dagyñ aşagynda galan ýaly boldum.Ýüregim Arslan diýip atygsaýardy.Toý ýakynladygyça,hasam derdim artyp aglasym gelýärdi.Ejem-kakam maña guwanýardy.Olar toýa taýýarlyk görýär.Kakam meniñ durmyşa çykýanyma begenip 50 gramlyk altyn sowgat etdi.Toý barha golaýlaşýardy.Şonça-da agyr ýükümi derdenime ýükleýärdim.Ejemjany närazy edesim gelmedi.Ýogsa,Arslana bolan söýgim soñsuzdy.Ýürek gysgynçdy.Öýdäkiler begenişip ýüzlerini maña seredip nurlaýardy.Men olara gamgyn ýüzümi gizleýärdim.Öz otagyma geçdim.Aglap-aglap içimi gepletdim...
-Eý Allajan!Bu nähili söýgi bolýar?Söýýänini söýgüsine gowuşdyrman,tanamaýan adama mañlaýyna ýazyp goýberýäñ?!Ýa men beýle bagta mynasyp dälmi?Ýa-da meniñ üçin iñ gowysy şu ýolmy?Men birini söýüp Mekan bilen nädip bagtly boljagymy göz öñüme getirip bilemok!(Mekan meniñ barmaly oglanymdy)Men ony birjede söýemoga!Söýmän bagtly bolup bolarmy?Wah,ola bagtly bolmak ekeni,bir günümem Mekan bilen ýaşasym gelenokdy.Men näme etmeli eý Allam?!Meniñ ýüregime giñlik ber,maña seniñ ýoluña barjak ak ýoly salgy ber Allam!Men ejir çekmek üçin ýaradyldymmykam?Allajan meni söýgime gowuşdyr!
Men hasratly pikirler bilen öz-özüm bilen perişan gürleşýärdim.Men pikirimi üýtgetmek isledim.Arslan näme edýärkä?diýip aglaýardym.Meniñ birden kelläme gowja pikir geldi.Tekjäme taşlan telefonymy açaýyn diýen pikir bilen tekjäni açdym.Telefonymy,açsam sms-ler gelip başlady.Sms-leñ yzy üzülenokdy.Men Arslanyñ belgisini blokdan çykaryp,oña jañ etmek isledim.
Arslan bilen iñ soñky gezek görüşmek isledim.Ähli zatlary şol ýerde aýdarn diýen karara geldim...
3 лайков 486 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.