Alaçsyz söýgim 3-nji bölümi...
Bir oglan atygsap maşyndan düşüp maşynymyzyñ gapysyna geldi.Ol hem şol toýda maňa söz gatan oglanlaryñ biridi.Ol maňa seredip doňup galdy.Men bolsa oňa seredip,elewräp aglaýardym...
Batyr ulagyň gapysyny açdy.Ulagdan çykan badyna nätanyş şol toýdaky oglan Batyryň ýüzüne mazaly urdy.Batyryñ üsti-başy gyzyl gan bolupdy.Men gorkujymdan aglaýardym.Ahyry urmasyny bes edip,elimden tutup ulagyna tarap alyp barýardy.Men süssenekläp zordan ýöreýärdim.Yzyma seretsem,Batyr maňa seredip zaryn aglaýardy,göz ýaşlary gana gatyşyp ýere damýardy.Meniň ýüregime pyçak sünjülen ýaly boldy.Onuň haly nebsagrynçlydy.Ulaga mündük,ol Batyr ýaly däldi,gepi-sözi ýerindedi,salyhatlydy.Özi bilen tanyş etdi.Menden bu oglanyň kimligini sorady.Men ähli zatlary edil jorama gürrüň beren ýaly başdan-aýak düşündürdim.Ol diýseň düşünjeli oglan eken.Men oňa minnetdarlyk bildirip öýümde düşüp galdym.Men oňa telefon belgimi goýdum.Men öýe gelemde sagat 4 bolupdyr.Öz otagyma geçip ýatyp bilmedim.Kellämde Batyrdy.Onuň haly ejizdi.Men muña ýüregim awady.Ýöne oña hakyna seretseň geregi şoldy.Aý bolýarda,indi ýalňyşyna düşüner!Meni halas eden oglan Arslandy.Men ol hakynda oýlanyp uklap bilmedim.Ol biraz ula meňzeýär diýmeseň gelişik bary berilipdir eken.Aýdyşy boýunçada gaty ýaş däldi.Men şeýle pikirler bilen daňy atyrdym.Ir bilen ýene-de durmuşa çykýan joramlara gitdim.Ýolda barýarkam,Arslan maňa jaň etdi.Olam şäherde eken,gelnalja gitjek bolsaň jaň edäý diýdi.Joram bizden kän bir uzak bolmansoñ,ýòräp barýardym.Joram bilen soň salona gitdik.Barýan ýeri başga etrapdandy.Gelnalyjy wagty geldi.Men synpdaş gyzlar bilen Arslanyñ ulagyna mündüm.Ýolda bir gözi ýolda bolsa,biri mendedi.Gözini aýyrman seredýärdi.Men bolsa görmedik bolýardym.Gelnalyjy diýseň hezil bolupdy.Agşam toý ýagny,oglan toý hem gelip ýetdi.Men joramyň ýanynda swiditel bolmalydym.Toýuñ gyzygyny görüp bilmänim üçin,başga gyzy edäý diýdim.Men salondan çykyp,Arslana jaň etdim.Arslan tiz gelip meni öz ulagynda alyp gitdi.Menden sorady:
-Gözel,siz adyňyzdanam Gözel ekeniňiz?!Men sizden gözümi aýyryp bilemok!Saňa bir görenimde aşyk boldum!Men seni söýýän Gözel!diýip ulagyň aýnasyndan seredip ýylgyrdy.
Men erkimi gidirenim deý ýylgyranymy bilmän galdym.Sebäp,oglan hem erbet oglan däldi.Men oňa belli jogap bermedim.Pikirlenmegimi soradym.Olam garşy bolmady.Söýgi,bu meniň duýgyma aralaşyp başlady.Onuň içgin dideleri ýüregimden geçip gidýärdi.Oglan toýa-da bardyk,olam Mary şäherde toý edipdi.Toý mekanynda saklanyp durdy.Men ulagdan düşüp toý mekanyň öňünde duran synpdaşlarym bilen toý başlanmagyna garaşdym.Toý başlandy,toý diýseň toýdy.Toýuň şowhuny al-asmana galýardy.Gyzlar bolup tans edip hezil etdik.Toý sowuldy,öýe gaýtmaly boldy.Ýene-de Arslan ilki meni alyp gaýtdy.Biz toýdan öňürtiräk gaýtdyk.Ol ýol boýy gyzyklyja zatlar tapardy.Onuň ýüregi açykdy,alçakdy.Menem sözlerine ýylgyrdyp bilýärdi.Men kän bir ondan zat soramaga utanýardym.Ýogsa,ol hakyndaky söhbetler diýseñ gyzykly!
Meni öýe getirip,özi bolsa yzyna toýa gaýtdy.Men öýe baryp,uklap galdym.2-3 günden soň,Arslan jaň edip,meni şähere aýlanmaga gitmegimi haýyş etdi.Menem garşy bolmadym.Agşam arady.Biz arslan bilen kafeda oturdyk.Soňra seýilgähe gitdik.Seýilgähden soňam ulagda aýlandyk.Ol menden söýginiň jogabyny sorady.Meniň söýgüden püre-pür ýüregim asmanda uçganaklaýardy.Menem razylyk berdim.Sözüni alanymdan soň ol maňa öýlenmek isledi.Men bolsa garşy bolmadym.Aradan 1 hepde geçenden soň maňa gudaçylyga geldiler.Ejem menden razylyk sorady.Menem ähli zady ejemjana aýtdym.Ejemem razy boldy.Biz 2 aý süýşürip sähedimizi belledik.Men Arslan bilen bazara gidip gerekli zatlarymyzy alyp başladyk.Arslan men näme gerek diýsem alyp berýärdi.Olaryñ maşgalasy gurply ýaşaýan eken.Men diýseň bagtlydym.Indi men yşk atly duýga uçradym.Söýgi diýen zadyñ bardygyna,hakykylygyna düşündüm.Meniň Arslana bolan çäksiz söýgim,ýüregimi baglady.Bir gün görmesem,içim gysardy.Onuñ bilen günde görüşerdik.Iñ bolmanda telefonda habarlaşardyk.Arslanyñ gylygy maña diýseñ ýarady.Ony özümiñki hasapladym.Ol akyllydy.Mañada köp zatlary sargardy.Menem Arslanyñ ýoly bilen ýaşap başladym.Meniñ ýüregim bolsa,Arslan diýip urýardy.Biziñ günlerimiz söýgi bilen geçip durdy.Biziñ toýumyza 1 aý galypdy.
Aradan ýene 1 hepde geçdi.Joram "Gaýtaryja öýüme geldim" diýip jaň etdi.Menem begenip joramlara gitdim.Joram meniň ýüzüme seredip aňdy.Ýogsa,men jorama şol öñki Batyr baradaky gürrüñlerden soñ,oña hiç-zat aýtmandym.Men aslynda jorajygymy begendirmekçidim.Sebäbi biziñem 1 aýdan toýumyz bolmalydy.Joram menden,
-Jorajan ýüzüň nurlanyp gidipdirle?Ýa şol Batyra razylyk berdiñmi?
-Ýokla jorajan nämäň Batyry,agzama ony bir ýene bir ýerlerden çykyp geläýmesin!Şol günki wakany birin-birin jorama gürrüň berdim.Joramyñ baran oglany bilen Arslan klasdaş bolansoñ, joram adyny aýdanymdan tanady.Söýgiden doly gözlerimi ýylgyrdyp,jorama ýüzlendim:
-Jorajan,nesip bolsa basym toýumyz,ikimiz bir obada bolsak,zola birek-birek bilen gatnaşars,durars!Ýöne, men oglanlara baryba göremok.Şol oglan maňa seniñ toýuñda söz aýdypdy.Onuñ dogumlylygy diýjekmi,akyllylygy üçin men toý tutmaga razylyk berdi.Men diýseñ bagtly jorajan,men hyýalymdaky şazadama gowuşdym.Maña ykbal gülüp bakdy!
Joramyñ ýüzi üýtgäp gitdi.Bir salym gürlemän,pikirlenip otyrdy.Men joramyñ bolşuna howpurgandym.Sebäbini soradym.Ahyry,çalajadan,gözlerime bakyp Arslan hakynda gürrüňe başlady.
-Jorajan men seni kiçilikden tanaýan.Sen meniñ çagalyk joram!Seni diýseñ gowy görýän Gözel!Ýöne ol oglanyñ seni nädip ynandyranyna,seniñ şony nädip söýeniñe haýran galdym?!Şonuñ üçin saňa gowysy bolsun diýýän,joram ol öň öýlenip aýrylyşypdyr.Sen bolsa hiç kim bilen gürleşmedik halyña beýle oglana nädip razy bolduň?Ol saña mynasyp däl,gören gyzlaryna,lak atyp,her gün bir gyzy öýüne getirip ýör.Pälinden azan oglandyr ol.Oña asla ýanaşaýma jorajan!
Meniň zähräm ýaryldy.Meniň ol zatlardan
habarym ýokdy.Men özümi iň ejiz adam hökmünde duýdum.Ýüregim daşa baglanan ýaly boldy.Ýüregimiñ agyrysy ýüzüme çykyp,göz ýaşlarym syrygdy.Ýaşlarym ahmyrym bolup akýardy.Göz ýaşymy tegeläp joramy bagryma basdym.Olam göz ýaşyny saklap bilmedi.
Joram gynandyryjy gürledi.
-Jorajan,goýsana aglama!Bu ýerde aglamagyñ geregi ýok!Gaýta, begen!Intäk wagt bara?!Siziñ nikañyz gyýylandan soñ bilen bolañda näme etjek?!Ol oglanyñ özi gowy oglan.Ýöne öñ öýlenip,alan gelni petpäl çykypdyr.Olam şoña gahar edip owadan gyz görse söýüşüp ýör gyz!Gözel sen ony arkaýyn unudaý joram!
Meniñ hasam derdim artyp başlady.Aglap aglap suw-sil boldum.Joram meni köşeşdirip bilmedi.Men lapy keç halda öýe gaýtdym.Öýe gelip ýene täzeden agladym.Meniň ahmyrym,Arslana igenýärdi.Ol nädip meni aldap bildikä?Onuň ýüreginde Allaha gorkusy bir barmyka?diýip ýanan ýüregimi söndürmek isledim.Köşeşip bilemokdum.Gaýta,barha özüme bolan ýigrenjim güýjeýärdi.Özüme bir zat etmek isledim.Derman baryny açyşdyrdym.Şony içip,alaçsyz söýgimi undasym geldi.Sebäp,ölen ýürek bilen men bu kynçylyklara döz gelip,manysyz ýaşap bilmerin.Men ýüregimi ýitirdim.Gözlerim kör eken,ýüregim meni aldady.Duýgularym oda sowruldy.Hi şu zatlardan soň,geljege umyt galarmy?Meniñ ruhy çyragym,elhenç harasata söndi gitdi.Meniñ ýürekden söýen adamym,dünýäde iň dereksiz adam eken.
Beýle adama ynanan gyz hem dereksizdir,diýip elime dermanlary aldym.Birdenem telefonyma jaň geldi.Ol jaň hem Arslandandy...
Dowamy bar...
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.