Ikilik etmäñ...?

Bäş gün kisäñizi pökgerden bolup,
Hakyky dostlaryñ döşünden itmäñ!,
Bir gitse hiç haçan dolanmaz gaýdyp,
Söýen ýüreklere ikilik etmäñ!.

Söýüñ siz! Sözde däl ýüregñiz bilen,
Dowamly geljege irkilip gitmäñ!,
Ynam iñ güýçli zat, iñ mukaddes zat,
Söýen ýüreklere ikilik etmäñ!.

Duýuñ siz! Mähiriñ gymmatlydygyn,
Hakyky ýaşaýşyñ deñinden ötmäñ!,
Gygyrşyñ, halaşyñ, düşünşiñ ýöne,
Söýen ýüreklere ikilik etmäñ!.

Bilýäñizmi! ynsan ýogalanda-da,
Göwünleñ ýarasy galarmyş bitmän,
Iñ elhenç ejiri bir ýere toplap,
Söýen ýüreklere ikilik etmäñ!.

Öñüräk duş geldim şeýle bir waka,
Ýakyn tanyşlarmyñ biridi Çary,
Başdan geçenini gürrüñ berdi ol,
Ikilik edipmiş onuñ aýaly,
Indi hem namysdan bir ölüp bilmän,
Ile çykar ýaly ýokmuşyn taby,
A:gyrlardan ýaña ýüzi çişipdir,
Ulalyp başlapdyr gözüniñ agy,
Erkek ejizlese aýylganç bolýa,
Hamala beýik dag ýykylan ýaly,
Hamala mertlik bukulan ýaly.

Meñ tanaýan Çarym jalaýdy öñler,
,,Dünýäñ bar gyzygy keýpde" diýrdi,
Wyždansyz nikabyn dakyp ýüzüne,
Her gün bir gözeliñ goýnundan ördi,
Ähli edenleri galmady ýerde,
Ykbal aýlap-aýlap mañlaýna berdi.

Ähli kynçylyga döz gelip herne,
Owaldan başarjak zadyñyz gepläñ!,
Dostlarym meñ size ýeke haýyşym,
Söýen ýüreklere ikilik etmäñ!.

Janyndan syzdyryp gepleýänleriñ,
Añyrsy ýalandan gaýdandyr öýtmäñ,
Goý, çete zyñalyñ biwepalygy,
Söýen ýüreklere ikilik etmäñ!...

Awtory: Baýram Bejidow
4 лайков 147 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
21 дек 2021, 15:31
Familiyasy owadan
Neyna_005
Автор 21 дек 2021, 15:31
Nairobi,
Havo ))
Leyli Amanowa
21 дек 2021, 15:35
Neyna_005,
maňa-da ikilik etdiler köptaraplayyn özum yaly wepaly adama sataşmadym
Neyna_005
Автор 21 дек 2021, 15:42
Nairobi,
mm..mlds uzagyndan bolsun!
Enegul
21 дек 2021, 15:45
like