RABYÝA ADAWYÝÝA hakda..

Rabyýanyň dünýä inen gijesi olaryň öýlerinde ony dolar ýaly bir bölek biz, göbegine çalar ýaly bir damja ýag we öýi ýagtyldar ýaly çyra tapylmandyr. Bu maşgalanyň ondan öň hem üç gyzlary bardy.
Şonuň üçin hem oňa Rabyýa adyny beripdiler. Bu söz «dördünji» diýmegi aňladýar.
Ýap-ýaňy ýeňlän ene ärine ýüzlenip:
– Pylan goňşymyzyňka baryp, çyra guýar ýaly ýag dilesene – diýip haýyş edipdir. Ýöne Rabyýanyň kakasy ýaradylanlaryň hiç birinden zat dilemejekdigini aýdyp, öň ant içen ekeni. Muňa garamazdan, ol aýalynyň göwnüni ýykmajak bolup, goňşularynyň öýüne çenli gidip gelipdir-de:
– Goňşular ýatypdyr – diýipdir.
Bu ýagdaý oňa agyr degipdir. Ol şol gije düýşünde hezreti Pygamber alaýhyssalamy görüpdir. Hezreti Pygamber oňa garap:
– Gynanma! Şu gün dünýä inen gyzyň şeýlebir hanym bolup,
ýetmiş müň kişi ondan şepagat etmegini dilejek – diýipdir. Soňra sözüni dowam edipdir:
– Bursanyň emiri Isa Radanyň ýanyna bar we meniň oňa: «Sen her gije maňa ýüz gezek, juma gijesi bolsa dört ýüz gezek salawat getirýärsiň. Geçen şenbe gijesinde maňa salawat aýtmagy unutdyň.
Şonuň günäsini ýuwmak üçin şu habary saňa ýetirene dört ýüz altyn ber» diýmegi tabşyrandygymy habar ber.»
Rabyýanyň kakasy ukudan oýanyp, ir bilen Pygamber alaýhyssalamyň düýşünde aýdan sözlerini kagyza ýazyp, ony alypdyr-da, Isa Radanyň öýüniň öňüne baryp, şol ýazgyny emire gowşurmaklaryny haýyş edipdir. Isa Radan ýazgynyň mazmuny bilen tanyş bolanyndan soň, hezreti Pygamber alaýhyssalamyň özüni ýatlanyna şükür edip, munuň şanyna on müň dirhemi sadaka paýlamagy, Rabyýanyň kakasyna bolsa dört ýüz altyn pul bermegi emir edipdir. Soňra bolsa özi onuň ýanyna çykyp: «Men seniň içeri girmegiňi näler islärdim. Emma muny göwnüme jaý görmedim. Çünki sen hezreti Pygamber alaýhyssalamyň habaryny maňa ýetirmek mertebesine – bu artykmaçlyga eýesiň. Şol sebäpli özüm öňüňden çykmagy, aýagyň tozuny sakgalyma sürtmegi makul bildim. Indiden beýläk bir zada mätäçlik çeken mahalyň maňa ýüz tutsaň, saňa kömek etjegime Allatagaladan ant içýärin» diýipdir.
Rabyýanyň kakasy emiriň beren altynlaryny gerek-ýarak zatlaryna harçlapdyr.
Rabyýa ese-boýa galanda, kakasydyr ejesi aradan çykypdyr. Şol döwürde-de Basra aýylganç bir açlygyň penjesine düşüpdir. Açlyk zerarly Rabyýanyň aýal doganlarynyň hersi bir ýere düşüpdir. Onuň özüni bolsa ejizliginden peýdalanan bir zalym kişi sähelçe pula satyp goýberipdir. Rabyýany satyn alan kişi oňa kyn, agyr işleri buýrupdyr. Naçar gyz bir gezek ýol bilen gelýärkä, özüne gyýa göz bilen bakan bir keseki kişiden gaçyp barşyna ýykylyp, elini döwdüripdir we mynajat etmäge başlapdyr:
– Allahym! Ýeke-ýalňyzam, enem-atam ýok. Ýesir düşdüm, elim döwüldi. Ýöne bu zatlar piňime-de däl. Maňa diňe Seniň razylygyň gerek.Menden razydygyňy ýa-da razy däldigiňi bilip biläýsedim!
Şol wagt gaýypdan bir owaz gelipdir:
– Gam çekme! Geljekde sen şeýle bir mertebä eýe boljaksyň welin, asmandaky perişdeler seni tanaýandyklaryny aýdyp öwünjekler, ýanyňda bolmaga çalyşjaklar.Şol günden soňra Rabyýa mydama agzy bekli gezmäge, gijelerini namaz okap geçirmäge başlapdyr.
Rabyýanyň hojaýyny bir gije ukudan oýananda, gulagyna bir ses eşidilipdir. Ol bu sesiň Rabyýa degişlidigini bilipdir. Gyz mynajat edýär ekeni:
– Allahym! Seniň permanyňa uýmagyň köňlümiň arzuwydygyny bilýärsiň. Huzuryňda hyzmat etmek bolsa gözümiň nurudyr. Eger elimde bolsady, onda her bir pursadymy Saňa hyzmat edip geçirerdim, dynç almazdan, Saňa tagatda bolardym. Emma Sen meni bir bendäňiň emrine berdiň. Şol sebäpli hem Saňa isleşimçe hyzmat edip bilemok!
Hojaýyny görse, Rabyýanyň başujunda bir çyra asylgymyş. Özem hiç bir zada bagly bolmazdan, howada butnaman durmuş. Otagyň içi bolsa nurdan dolumyş. Bu keramaty gören hojaýyn öz--özüne: «Mundan beýläk ony gul ornunda tutup bolmaz» diýipdir.
Ol ertesi Rabyýa ýüzlenip:
– Seni azat etdim. Isleseň, bu ýerde gal – barymyz hyzmatyňda bolaly. Bolmasa-da, islän ýeriňe gidip bilersiň – diýipdir.
Şondan soňra Rabyýa rugsat sorap, ol öýi terk edipdir we özüni ybadata beripdir. Aýdyşlaryna görä, ol gije-gündiziň dowamynda müň rekat namaz okaýar eken. Käte bolsa gidip, Hasan Basrynyň wagyzlaryny diňläpdir.

Feridetdin Attar: "Weliler hakda rowaýatlar" kitabyndan.
5 лайков 186 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
24 дек 2021, 18:48
Rabiýa ady halaýan men)
- Dani
24 дек 2021, 18:51
Bahh.sms yetirwnine
- Dani
24 дек 2021, 18:51
Sps yetirenine*
Enesh
24 дек 2021, 18:52
like
NEMOO
24 дек 2021, 20:47
yene paylasyp dur
Pocahontas
Автор 24 дек 2021, 21:27
Okasaňyz hökman paýlaşaryn..