Täze ýyl sowgady

Täze ýyl sowgady.
Adam 3 ýaşly gyzyna sowgadyň daşyny gaplanýan gymmat bahaly kagyzy zaýalany üçin gygyrypdy, gaharlanypdy. Kiçijek gyz uly bir paket altyn ýyldyzly kagyzy egrem-bugram edip, bir gutujygyň daşyny saramak üçin ulanypdy.
Täze ýylyň ilkinji güni irden, gyzy gutusyny getirip:
-"Bu seniň üçin kakajan" diýende adam gyzyna gereginden artyk jeza berdimmikäm diyip gynandy. Geçen gije edenlerinden utanyp gutyny açdy. Ýöne gutynyň içi boşdy.
Ýene-de gaşlaryny çytyp gyzyna seretdi.
-"Birine sowgat bereniňde, gutynyň içine bir zatlar salyp bermeli. Muny hem bileňokmy kiçijek hanym?.."
Kiçijek gyz gözlerini ýaşlap kakasyna seretdi:
-"O guty boş dál-di kaka! İçini öpüjikler bilen doldurypdym!.."
Kakasy şeýlebir gynandy, ylgady, gyzyny gujaklady. Bileje agladylar.
Adam ol gutyny ömrüniň soňuna çenli saklady. Haçan keýpi gaçsa, haçan özüni erbet duýsa, guta ylgar, içinden kiçijek gyzynyň söýgi bilen dolduran hyýaly öpüjiklerinden birini çykarardy.
"Aslynda hemme ynsanlara şeýle bir guty berilendir. Erbet wagtlarynda bu gutyny çykaryp, içine bakyp bilmegi başarmak, bagtlylygyň açarlaryndan biri bolsa gerek."

İnternet sahypasyndan terjime.
6 лайков 136 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
31 дек 2021, 22:20
Şu ýyla mugallymlara gelen sowgadam uytgeşik zat däl ekeni
Hernä geçen ýylkydan gowy..)
Ejegyz.
31 дек 2021, 22:21
duýguly aglaya
Kalp doctory
31 дек 2021, 22:23
sho guty bizing yuregmizmika diyyan gabady gelende yuregi dinlemegi basharmaly
Medine
31 дек 2021, 22:45
shol guty nirede durka aglaya