.....

Açgöz nebsin ýuwdan bir haramzadaň,
Ýygnanlary ýalňyş bilen hatadyr.
Mal-mülküň bolsa-da,bu giň dünýäden,
Äkitjegiň bir bölek ak matadyr.

Illerden müň basgançak beýge gitseňem,
Deňlejek bar, nämä beýle öwünýäň ?!
Dört tigriň üstünde ýaşap ötseňem,
Ýene baryp gara ýere gömülýäň.

Allaň huzurynda birdir ornuňyz,
Özüňize baha kesmejek boluň !
Ýetse-de, ötse-de göge burnuňyz,
Aýagyňyz ýerde saklajak boluň !


Nurana Arslanowa.
7 лайков 163 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
01 янв 2022, 08:47
Berekella like gowy goşgy.
Ejegyz.
Автор 01 янв 2022, 09:01
Bayker,
Minnetdar aga , baýramlaryňyz bilen
Şamuhammet
01 янв 2022, 09:48
Galamyň ujy ýiti bolsun.
Maksat
01 янв 2022, 09:59
Ejegyz,
Siziňem täze ýylyňyz gutly bolsun.
Kalp doctory
01 янв 2022, 13:01
Goshgy bet eken dostEjegyz,
Ejegyz.
Автор 01 янв 2022, 13:09
kalp doctory,
salam Maýsa gowumy ýagdaýlaryňyz ? hawa gowy goşgy eken
Ejegyz.
Автор 01 янв 2022, 13:10
Jeksparro,
sagboluň aga ýöne awtor men däl
Kalp doctory
01 янв 2022, 13:40
Gowy sen nali bratokEjegyz,
Enejan
01 янв 2022, 13:42
kalp doctory,
mydam gowy bol, boljak .