Ähtimallyk

ÄHTIMALLYK

Sen gidersiñ maña goýup kän zady
Aýdym.
Sen gidersiñ.
Ruhym galar ýaradar.
Ädimleriñ sanar,ahmal,göz çeni.
Ýeller saçyñ ellem bolup yralar
Ýatladybiýr del dünýäñden göçeni.

Sen gidersiñ.
Misli diñlenen aýdym
Ýaşalmaly günleñ baryndan geçip,
Gaýta-gaýta kalpdan okaryn alkyş
Ýatlamañy maña goýanyñ üçin.

Meger,garamarsyñ solgun meñzime
Dünýämdekäñ durmazdym-a bezenip.
(Özüñ bilýäñ hergiz, iliñ tersine,
Görke däl-de göwne timar berenim.)

Sen gidersiñ.
Nälaç boýnuñy burup,
Ýaran tuta akla geýen hoşlugyñ.
Emsiz elewrärin ýoklajak bolup,
Çep gursagyñ yza beren boşlugyn.

Çekerin huşuma syrylmaz perde.
Asyl, mümkinmidir ýada salmazlyk?
Jygba-jygly darkaş samradar serde
Şekspir kimin:"Bolmak ýa-da bolmazlyk..."

Sen gidersiñ.
Ýok,birjigem darygman,
Näumytlyga ýol arçady diýip.
Eýse aýtmanmydyr beýik danalar:
"Aýralygam söýgiñ parçasy"diýip.

Mahym Nurgeldiýewa.

13.08.2020 ý
5 лайков 120 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kalp doctory
01 янв 2022, 13:00
Gowja goshygy eken like