#okamangeçme.
Olar bar.
Görýän welin adamzadyň içinde,
Ar-namysyn pula satanlaram bar.
Ak süýt berip bakan ýeke käbesini,
Adam görmän köçä atanlaram bar.
Ejiziň elinden gaňyryp alyp,
Haramdan köpelip,haramdan ölüp.
Ýene özün ilden artyk deý bilip,
Nebsinden ençe öň ötenlerem bar.
Ýüzleri mylaýym ,sözünde wepa,
Maşgalam bar diýip çekýäkä jepa.
Ýoldaşy yzynda bulaşyp hapa,
Özgäň gujagynda ýatanlaram bar.
Dokuz aý göterip ene göwresinde,
Taşlap barýar iliň derwezesinde.
Onda biri bütin ömür özeninde,
Durnaga zar bolup ýetenlerem bar.
Göz -gaşyn oýnadyp kesip saçyny,
Onuň hasabyna iýip-içeni.
Ýalan -ýaşryk bilen deňden geçeni,
Batan palçygyna itenlerem bar.
Nesibäm az diýip özge illere,
Düşüp gybat bolup süňksiz dillere.
Sowrugan çäge deý tozan ýellere,
Habarsyz,dereksiz ýitenlerem bar.
Üns berip görsene eý ynsanyýet,
Öz-özüňe gurup barýaň ahyrýet.
Wagtyň barka günälerňe toba et ,
Çünki o dünýäniň sütemlerem bar .
Nurana Arslanowa
Görýän welin adamzadyň içinde,
Ar-namysyn pula satanlaram bar.
Ak süýt berip bakan ýeke käbesini,
Adam görmän köçä atanlaram bar.
Ejiziň elinden gaňyryp alyp,
Haramdan köpelip,haramdan ölüp.
Ýene özün ilden artyk deý bilip,
Nebsinden ençe öň ötenlerem bar.
Ýüzleri mylaýym ,sözünde wepa,
Maşgalam bar diýip çekýäkä jepa.
Ýoldaşy yzynda bulaşyp hapa,
Özgäň gujagynda ýatanlaram bar.
Dokuz aý göterip ene göwresinde,
Taşlap barýar iliň derwezesinde.
Onda biri bütin ömür özeninde,
Durnaga zar bolup ýetenlerem bar.
Göz -gaşyn oýnadyp kesip saçyny,
Onuň hasabyna iýip-içeni.
Ýalan -ýaşryk bilen deňden geçeni,
Batan palçygyna itenlerem bar.
Nesibäm az diýip özge illere,
Düşüp gybat bolup süňksiz dillere.
Sowrugan çäge deý tozan ýellere,
Habarsyz,dereksiz ýitenlerem bar.
Üns berip görsene eý ynsanyýet,
Öz-özüňe gurup barýaň ahyrýet.
Wagtyň barka günälerňe toba et ,
Çünki o dünýäniň sütemlerem bar .
Nurana Arslanowa
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.