Şu täze ýyl getirsene kakamy?

Ayazbaba bilýän seniň barlygyň
Haýyş menem eşitsene dadymy
Täze ýylda arzuwlara ýetirýän
Şu täze ýyl getirsene kakamy?

Maňa süýji ýada köke gerek däl
Oňaryn men ol zatlara seretmän
Kakasyz boş ýürek munda ýürek däl
Şu täze ýyl getirsene kakamy?

Ejemden sorasam aglaýar her gün
Aydanok hiç maňa elenýär kalbym
Haýyş birje günlük diňeje bir gün
Şu täze ýyl getirsene kakamy?

Deň duşlarmyň ýanynda bar kakasy
Seret kemputlyja olaň kisesi
Garaşdym doldyla sabryň käsesi
Şu täze ýyl getirsene kakamy?

Senem gel öýmüzde myhmanymyz bol
Begendir jigimi yhlasymyz bol
Bir arzuwym bitir ykbalymyz bol
Şu täze ýyl getirsene kakamy?

Seret şemem aldyk gyzykly bolar
Süýji nan mesge bar yeterle şolar
Gelmese ejemin gül ýüzi solar
Şu täze ýyl getirsene kakamy?

Arzuwlarmy ak kagyza jemläýin
Mundan artyk öz ýüregmi dilmäýin
Ayazbaba soň men azar bermayin
Şu täze ýyl getirsene kakamy?!


Myrat Adalakow.
11 лайков 330 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ShrekMolla
01 янв 2022, 15:44
Ogulşirin aglaya
Ogulşirin Bayramowa
Автор 01 янв 2022, 15:46
shrekmolla,
Azat??? cilimkesh
ShrekMolla
01 янв 2022, 15:49
Sen çilimem cekýäñmi???Ogulşirin_Bayramowa,
Ogulşirin Bayramowa
Автор 01 янв 2022, 15:50
shrekmolla,
Ýok.
Sen şumat aglayaňmy? :D
ShrekMolla
01 янв 2022, 15:51
Цитата: Ogulşirin_Bayramowa
shrekmolla,
Ýok.
Sen şumat aglayaňmy? :D

Ýok ýöne gowy goşgy eken
Merdan
01 янв 2022, 15:54
shrekmolla,
Ogulşirin_Bayramowa,
Ikiňiziň ýazanlaryňyzy okap şu wagt hindi kinoda ýaly duýdymaý?
Aýnur
01 янв 2022, 15:56
Bu gunler hindi kinoda kän gorkezenok..
Kalp doctory
01 янв 2022, 16:59
Hawa getirayda kakamy diysemem bermedida
Ejegyz.
01 янв 2022, 17:06
Indi getirme... cilimkesh giç
S❤
01 янв 2022, 22:58
Men darkrayi gorsem bolya dp sony arzuw etdim. Gor kabirleri kimi arzuw etyan eken. Ahlizadyn gadyryny bilmeli
S❤
01 янв 2022, 22:58
Menden like