"Kaka gözüňi açaýda"
Ejemiň sessiz içini çekip aglaýşyna oýandym.
Ejemiň gündüzlerine ýüzi gülmeýärdi, her gije aglaýardy. Saçlarymy sypalaýar, gözlerime seretýär. Maňlaýsyz men bagtsyz diýýärdi. Näme üçin aglaýanyny sorasam aýtmaýardy. Entek sen kiçijek ulalaňda düşünersiň diýýärdi.
Kakamyň ýanyna bardym. Kakam kuhnýada çilim çekýärdi, bar gyzym sen git, menem barýan tüsse seni hassa eder diýýärdi. Kaka onda sen näme üçin çilim çekýäň, zyýanly dälmi saglygyňa?
Ýadaw gözleri bilen seredip dogry gyzym zyýanly diýip ýylgyrdy. Ýüzüne nätanyş bolan ajy ýylgyryşdy ol.
Meniň kakam hiçwagt beýle ajy ýylgyrmazdy. Soňky wagtlarda kakam köp üsgürýär, ejemem kän aglaýardy. Ne indi öňküleri ýaly multfilm görýärdim, ne-de gurjaklarymy oýnaýardym.
5 ýaşap geçipdim, ýakyn günlerde 6 ýaşamalydym. Ertirlerine ir turýadyk ejem meni goňşulara goýup, kakam bilen ýöräp gidýärdiler. Ejem işlänokdy kakamam ir bilen nirä gidýänini aýdanokdy. Dolanyp gelýänçäler penjireden seretýärdim, we gelýändiklerini görüp begenýärdim.
Soňra ýaz gelipdi doglan günüme 2 gün galdy. Herkim nähili sowgat isleýäň diýýärdi. Men gürlemeýärdim, içimden hiçzat isläsim gelenokdy. Soňra näme bolan bolsa şol gije boldy. Gije oýandym ejemiň aglaýan sesleri eşidilýärdi. Men öz otagymdan çykdym, öýe köp adam ýygnanypdyr, daýzamlar aglaýardy enem hem zaryn aglaýardy, dädem bolsa Kuran okaýardy. Birden kakamy gözläp başladym.
Men "kaka diýdim, kaka". Ejem balam diýip gujaklady, hamana näçe ýyllap görmedik ýalydy. Soňra aglady, jan gyzym balam diýdi. Men, kakama näme boldy eje diýip soradym. Menem kaka diýip aglamaga başladym, Kakaň indi ýok gyzym, "kakaň öldi balam" kakaň indi hiç üsgürmez. "Eje öldi näme diýmek, ölüm näme zat"Menem däli ýaly aglaýardym.
Ýagny indi kakaň gijelerine rahat ýatar diýdi we soňra özünden gitdi.
-"Men öleýin balam diýdi enem", men ölen bolsadym diýip kakamyň ýorganyny gujaklady.
Kakamyň ýüzüni kynlyk bilen görkezdiler. Men kakamy görüp ylgadym "Kakajan oýan, tur kaka gözüňi açaýda kakamjan", men sensiz näme edeýin. Kakamjan oýan ertir meniň doglan günüm kaka, hiçzat islämok, indi gohlaman, seniň hiç gaharyňy getirmen söz kaka. Bol turaýda kaka, oýan gözüňi açaýda, kaka oýan...
Kakamy doglan günümde topraga gömdük. Kakamyň çilimi bilen zažigalkasy mende dur. Meni kakamdan, kakamy menden aýyran.
Her doglan günümde içki dünýämde bogulyp, kiçijik dünýäme kyýamat bolup ýazylan Kaka nirde sen. Siz nirde kakalar...
ceshme internet sahypalary

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.