Ady ýok goşgy

Şeýle bir adamlar bar...
Gadyr bilmez,
Ýolun görmez,
Gezip ýören bir jandardyr...
"Men-men" diýip, özün öwýan,
Il içinde diňe sandyr.

Ite "haýwan" diýsegem,
Eýesine howandardyr.
Ýagny, ite ýal berseň,
Ýagşylyga düşüner,
Jabjynaýsa käýeseň,
Utanjyndan üýşener.
Ýeri gelse kömegiň,
Dessine ylgap geler.
Seň daşyňy goraglap,
Saňa wepaly bolar.

Emma welin, käbirleri,
Wezipeli adamlary,
arka tutunar,
derejä ýeter.
Soňam göternip bilmän,
Tumşugny göge götär.
Özünden ökde görse,
Görüplik eder,
Ýaramaz sözler bilen,
Aşyňa awy gatar.
Sadalygňy aňaýsa,
Döşüňden iter,
Ýagşylygy unudyp,
Bolşundan beter,
Aldow usuly bilen,
Ters ýoldan elter.
Ine, onsoň ilçilikdir,
Şeýle adamlara
duşaýsaň eger,
Menden saňa nesihat!
Ökjäni göter!...

Durmuşdyr bu,
Kämahallar,
Şeýle adam,
Sataşar,
Ýat bolsa-da,
Ýakynyň deý,
Dostlarça,
Ýagşylyk eder,
Ýykylsaň galdyryp,
Goluňdan tutar.
Bitmän işiň bitirip,
Ýetmeziňi ýetirer.
Eden işin dile alman,
Dogry ýola iterer,

Dostlaşarsyň,
Gatnaşarsyň,
Synlap, ýagşylardan,
Ýagşa meňzeseň,
Il-günüňe peýdaly,
howandar borsuň.
Ýagşylyk edenleri,
Ýatlap dur derhal,
Ýamanlyklary,
Unutgyn her hal!

Wagyz diňle!
Öwren wesýet almany,
Parhyny bilip ýaşa,
Ýagşy bilen ýamany!

M.
7 лайков 190 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Margarita
Автор 10 апр 2022, 07:29
Tankyt kabul edilýändir, saýtdaşlar. Belliklerňizi ýazaýyň.
Maksat
10 апр 2022, 08:17
Meň üçinä gowy goşgy, tankytlanjak ýeri bar bolsada oňa bilimim ýok.
Hiayress
10 апр 2022, 09:33
Oňat goşgy, berekella!
My life
10 апр 2022, 15:57
Gowy goshgy.
Bentner
10 апр 2022, 16:24
+++gowy gosgy
Mümkin
10 апр 2022, 21:59
Adam tankytlaýan goşgulary halamok.Eger tankytlaýsañam añrybaşy çeper,şahyrana tankytlasañ gowumyka diýýän.
Aýyplaşmaweri.Üstünlik!