Gyş pasly, gar we gar tozgajyklary barada gyzykly maglumatlar
GYŞ PASLY, GAR WE GAR TOZGAJYKLARY BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR
Alymlaryň köpýyllyk derňewleriniň netijesinde, tebigatda düýbünden birmeňzeş gar tozgajyklarynyň bolmaýandygy anyklandy.
***
1944-nji ýylyň 30-njy aprelinde Moskwada iň täsin galdyryjy gar ýagýar. Ol gar tozgajyklarynyň ululygy adamyň eliniň aýasyna barabar eken.
***
Nähili geň galdyryjy bolsa hem, gyş aýlarynda Güneş Ýere has ýakyn, emma ýaz aýlarynda ol Ýerden has uzakdyr.
***
Biz hemişe gar ak reňkdedir öýdýäris. Gar aslynda, reňksiz kristallardan durýandyr. Bu kristallaryň üstüne düşýän Gün şöhlesi spektriň içindäki ähli reňkler, gar kristallary bilen birleşýär we bize ak reňkde bolup görünýär. Muňa garamazdan, dünýäniň dürli künjeklerinde dürli reňklerde gar ýagýar. Kämahal gülgüne we gyzylymtyl reňkli gar hem gabat gelýär.
***
Saklanyp galan maglumatlara görä, häzire çenli iň sowuk gyş 1983-nji ýylda Antarktidada bolupdyr. Onda howanyň sowuklygy -123 gradusa ýetipdir.
***
Birnäçe ösümlikleriň baharda has gowy gül açmagy we miwe bermegi üçin gyşyň sowugyny duýmaklary gerekdir.
***
Agaçlaryň köpüsi gül açmak üçin baharyň gelmegine garaşýar. Emma Ýaponiýada, Hytaýda erik agaçlary güllemek üçin gyşyň gelerine garaşýar.
***
Kebelekler hem guşlar ýaly her gyş süri bolup, demirgazyk Amerikadan Meksika uçýarlar. Baran ýerlerinde bir dagyň etegindäki agaçda toplanyp, gyş ukusyna gidýärler. Olaryň gyş ululary 4 aýa çekýär we şol wagtyň içinde iýmitlenýärler. Bu ukynyň soňunda olar baharyň ilkinji günlerinde Kanada ýola düşýärler. Kebeleklere Meksikadan Kanada barmagy üçin 4 aý gerek bolýar.
''Zenan kalby'' žurnal
12.2016.

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.