Horaz bilen Itiň gürrüňini eşiden adam ...
Bir gün Hz. Musa ( A.S)'yň ýanyna bir adam geldi. "Eý Musa meň üçin doga et , haýwanlaryň diline düşünip bileýin we işlerimden ders alyp,gowy adam bolaýyn " diýýär.
Hz. Musa (A.S) " Işiňe git, galdyryp bilmejegiň ýüki isleme , şu wagtky halyň haýyrlydyr"diýip jogap berýär.
Ýöne adam Hz. Musa (A.S)'y diňlemedi we ýene ýalbarmaga başlady.
"Eý Musa hiç bolmanda gapymyň agzyndaky itim bilen horozymyň diline düşüneýin " diýdi. Hz . Musa (A.S) ony bu isleginden näçe gaýtarjak bolsa-da, adam isleginden gaýtmady .
Hz . Musa (A.S) adam üçin doga etdi.
Adam uly şatlyk bilen öýüne geldi.
Ertesi gün ir bilen ertirlik edýärkäler , kiçijik bir çöregiň bölegi ýere gaçdy.Horaz tizlik bilen ol çöregi alyp iýdi . Horazyň bu bolşuna itiň gaty gahary geldi:
"Horaz seniň bu hereketiň dogrumy ?! sen arpa iýip bilýäň bugdaýam , hem mekgedäm iýip bilýäň, men bolsa çörekden başga zat iýip bilemok. Näme üçin meň ryzkyma göz dikýärsiň ?!
Horaz ite jogap berdi :
"Dogry aýtýaň , ýöne ertir eýämiziň eşegi öler , şonda senem garnyňy gowjalap doýrarsyň"diýdi.
Horaz bilen Itiň gürrüňlerini eşiden adam , derrew bazara gidip eşegini satdy.Ertesi gün haýwanlarynyň näme gürrüň edýänine gyzyklanyp , ýene olary diňlemäge geldi.It:
"Hä horaz hany eşek öler , garnyňy gowjalap doýrarsyň diýipdiň ?! " Horaz :
"Eýämiziň eşegi öldi, ýöne başga ýerde öldi. Ýöne sen hiç gamlanma ertir eýämiziň aty öler,şonda gowjalap garnyňy doýrarsyň "
Gürrüňi eşiden adam , derrew bazara gidip atynyda satdy we haýwanlaryň dilini bilýändigine diýseň begendi.Şeýlelikde oňa gowy girdeýji girip durdy.
Ertesi gün. it :
" Eýämiziň aty öler diýdiň bulam bolmady, ýogsa sen ýalan sözläp başladyňmy horaz ?! " Horaz:
"Eýämiziň aty öldi ýöne eýämiz ony satanlygy sebäpli ol başka ýerde öldi. Ertir eýämiziň gölesi öler , onuň haýryna süýjülikler we naharlar dargadylar, Şonda gowjalap garnymyzy doýrarys"diýdi.
Gürrüňi eşiden adam, derrew wagt ýitirmezden gölänide satdy we horaz bilen itiň diline düşünmegiň özüne uly peýda getirendigine begendi. Bulardan ýenede peýdalanmak üçin ertesi gün ýene-de horaz bilen itiň ýanyna gitdi . it gaty gaharly :
"Hany bu gezegem göle öler diýipdiň, ýalançy horaz maňa näçe günden bäri ýalan sözleýärsiň , utanaňokmy sen ?! "
Horaz ite jogap berdi :
"Men hiç haçan ýalan sözlemedim we men ýalançyda däl .Kölede öldi ýöne başga ýerde öldi.
Eýämiz eşegini,atyny satyşy ýaly kölesinide satdy , ýöne onuň bu işi ýalňyşdy.
Sebäbi indi ölüm gezegi eýämize geldi . Eger eşek satylmadyk bolsa ,eşegiň başyna geljek kaza-belalar eýämiziň başyna geljek kaza-belalary dep ederdi.Eşegi satmagynyň yz ýanyndan kaza-belalar atyna geldi.Atynyda satansoň, kaza-belalar gölesine geldi.Gölesinide satdymy indi kaza-belalar eýämiziň özüne geljekdir. Ertir eýämiz öler welin, gowjalap garnymyzy doýurarys "
Adam näçe "ah", "wah " etse-de, indi onuň üçin giç bolupdy...

11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.