Hany "erkekler" geliň

Gara ýeriň üstünde,
Gök asmanyň astynda,
«Heleý» diýilýän sözi
Kim tapdyka aslynda?

Ol sözi ilki tapan
Ne-hä daýhan, ne çopan.
Diýýärler: ilki sapar
Ol gödek sözi tapan
Kyrka çenli kyrk sapar
Öýlenen Ýekegapan.

Gyzyl göz Ýekegapan,
Han ogly Ýekegapan
Gujagna getirlende
Garyp gyz Ogulsapar,
Onuň adyn tutmagy-da
Kemlik saýyp özüne,
«Bärik gel-eý!» diýenmiş
Öz öýlenen gyzyna.

Şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan
Üýtgeşip «gel-eý!» sözi,
Gara günli ülkämizde
Döränmiş «heleý» sözi...

Garyp gyz Ogulsapar,
Naçar gyz Ogulsapar,
Sen täzeden dogulsadyň,
Wah, ýene-de bir sapar.

«Ogulsapar jan» bolardy
Bu gün seniň lakamyň.
Saňa «Gel-eý! Gel-eý!» diýip,
«Heleý» adyn dakanyň
Özlerine gowşurdyk
Öz döreden adyny.
Bu gün arşa ýetirdik
Gelin-gyz şöhratyny.

Bu gün gelin-gyzlarmyz
Jahan bile garyşýar,
Bilbil bilen bäsleşýär,
Keýik bilen ýaryşýar.

Bu gün biziň aýallarmyz
Durna bolup daranýar.
Altmyş ýaşa ýetende-de
Gelin bolup görünýär.

...Görk goşuldy gelin-gyzlaň
Gözlerine, ýüregne.
Müňläp Ogulsaparlaň
Aglanynyň deregne
Bu gün olar paý alýar
Şatlyk bilen gülküden.
...Gülüň, gülüň, keýpden çykyň
Bu şadyýan ülkede.

Gülüň! Gülüň!
Gülkiňizden
Gözleriňiz ýaşarsyn.
Siziň göwnüňize degsek,
Goý, agzymyz gyşarsyn.

Ýöne sizem ýarlarňyzyň
Degmäweriň göwnüne.
Erkekleň hem işi ýetik,
Sanjy bolmaň böwrüne.


Kerim aga
6 лайков 331 просмотров
30комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Liwerpul_fc
10 янв 2022, 21:59
Haýý ýekegapan,tapaýsam dişiňi gopararyn
Şamuhammet
10 янв 2022, 21:59
Zat ýazmaň oglanlar gožželejek bolýar ?
Şamuhammet
10 янв 2022, 21:59
gižželejek*
Gultac
10 янв 2022, 22:00
Berekella
Gözel
10 янв 2022, 22:01
Gaty gowy yazya kerim aga gosgularyny
Ejegyz.
10 янв 2022, 22:05
Jeksparro,
Salam aga gowumy ýagdaýlaryňyz ?!
Bu näme diýmek ?
gižželejek bolmak
Ejegyz.
10 янв 2022, 22:06
Liwerpul_fc,
Agzyny döwsene aga şol Ýekegapanyň
Kalp doctory
10 янв 2022, 22:07
Dost shu goshgyny onki talyplarda okapdym gowy guldirdi like heheheEjegyz,
Kalp doctory
10 янв 2022, 22:09
Gitdim aylanypduraryn ok sagbolEjegyz,
Gultac
10 янв 2022, 22:11
Ejegyz gijjelemek- yel bermek, cishirmek birini urusdyrjak bolanda diyilya
Liwerpul_fc
10 янв 2022, 22:13
Цитата: Ejegyz
Liwerpul_fc,
Agzyny döwsene aga şol Ýekegapanyň

Diňe dişini goparjak
Ejegyz.
10 янв 2022, 22:15
ufff wifim doňum öldaý
Maksat
10 янв 2022, 22:15
Näme diýip ýüzlenmelikä onda eý diýmeseň heleý diýmeseň goşgudaky ýaly pylany jan diyseňem begenip ýürekden gider.
Liwerpul_fc
10 янв 2022, 22:17
Цитата: Bayker
Näme diýip ýüzlenmelikä onda eý diýmeseň heleý diýmeseň goşgudaky ýaly pylany jan diyseňem begenip ýürekden gider.

Guşum,akylym,gara göz,gözümiň guwanjy,ýeketägim,başymyň täji... dalii
Maksat
10 янв 2022, 22:29
Цитата: Liwerpul_fc
Цитата: Bayker
Näme diýip ýüzlenmelikä onda eý diýmeseň heleý diýmeseň goşgudaky ýaly pylany jan diyseňem begenip ýürekden gider.

Guşum,akylym,gara göz,gözümiň guwanjy,ýeketägim,başymyň täji... dalii

Baýbow beý diýip ýüzlensem prikol tutýandyr öýdüp öýkelärlaý, gowsy öňki öňkilik))
Ejegyz.
10 янв 2022, 22:31
Bayker,
Hökman "heleý"diýäýmelimi ?!
Özleriniň owadanja ady bar !
Ejegyz.
10 янв 2022, 22:32
Liwerpul_fc,
Guşum,akylym,gara göz,gözümiň guwanjy,ýeketägim,başymyň täji... dalii


Ýeter ki heleý diýmäň ! şol bolýa aýallara
Ejegyz.
10 янв 2022, 22:33
Liwerpul_fc,
Diňe dişini goparjak


Ok,agzyny özüm döwern
Ejegyz.
10 янв 2022, 22:34
kalp doctory,
Sagbol bibi !
Gelip duruň !
Ejegyz.
10 янв 2022, 22:34
Cicek,
düşnükli, sagboluň
Liwerpul_fc
10 янв 2022, 22:34
Цитата: Bayker
Цитата: Liwerpul_fc
Цитата: Bayker
Näme diýip ýüzlenmelikä onda eý diýmeseň heleý diýmeseň goşgudaky ýaly pylany jan diyseňem begenip ýürekden gider.

Guşum,akylym,gara göz,gözümiň guwanjy,ýeketägim,başymyň täji... dalii

Baýbow beý diýip ýüzlensem prikol tutýandyr öýdüp öýkelärlaý, gowsy öňki öňkilik))

Aýdýara:- aýalamyma gowy gürlesemem güman edýä "birini tapypdyr,maňa bildirmejek bolup ýallaksyraýa"diýip. Ýüz bermesemem güman edýä "birini tapypdyr,menden sowaşdy" diýip.
Ženşinalara ýaranmak kyn
Liwerpul_fc
10 янв 2022, 22:35
*aýalyma
Leyli Amanowa
10 янв 2022, 22:51
Цитата: Liwerpul_fc
Цитата: Bayker
Näme diýip ýüzlenmelikä onda eý diýmeseň heleý diýmeseň goşgudaky ýaly pylany jan diyseňem begenip ýürekden gider.

Guşum,akylym,gara göz,gözümiň guwanjy,ýeketägim,başymyň täji... dalii

Waow
Han ogul
10 янв 2022, 22:52
Liwerpul_fc,
Öýlenenmiň?
Liwerpul_fc
10 янв 2022, 22:53
Цитата: Han ogul
Liwerpul_fc,
Öýlenenmiň?

Agtyklam gyz kowalap başlady
Ýury
10 янв 2022, 23:05
pylesos
Ismin sana söyleye värdim müsdesna müsdesna....
Ýury
10 янв 2022, 23:17
goja
Zato barybir heleý.....
Sebäbini ärleññiz aýdar......
ban
My life
11 янв 2022, 00:31
Bah bularay )))
GuljemilE
11 янв 2022, 01:47
Mnm okapdym şyny
Enegul
11 янв 2022, 06:53
like