Ýatlama

Sapdyñ. Sada söýdüń, sada synadyň,
Säherler senada ýada saldygym
Alyp gitdiň şäherimiñ zynatyn,
Ýolup gitdiñ karar kirşin kalbymyñ.

Sargaryplar gitdiň, saklap bilmedim,
Permanym pes gelip pälwan pelekden.
Sensiň diýip bagrym dilip diñledim,
Gök titredip aglanynda melekler.

Nerkes gözüň nury öçdi gussada,
Yşk mülküm öwrüldi hesret hüjräme.
Kaýyyl däldik beýle ýowuz kysmata,
Tayyn däldik, beýle agyr hijrana...

Kem-kem boýun aldym hijriň şertini,
Çalykdy seniñem çygjaran çeşmiň.
Gozgamaýyn diýip ýürek derdiňi,
Sataşjak ýerleñden sowulyp geçdim.

Saña duşjak bolup etmedim yhlas,
Jemalyň jebirde görerin öýdüp.
Senden jyda düşüp golaýlaşdym has,
Senden aýra düşüp, has kämil söýdüm.

Mejnun kimin berilsemem yşkyma,
Delminip, daglara dada barmadym.
Sataşaryn öýdüp gamly keşbiñe,
Garanky gijeler, oda barmadym.

Ýyndam ýyllar kibi geçdi ýigitlik,
Başyň alyp durmy agyr gün näme?!
Şeýdip ýaşlyk bilen hoşlaşyp gitdik,
Sen öz durmuşyña, men öz dünýäme.

Indi jepa berip ýöremzok jana,
Gör, ahyry bu dünýäniň gurluşyn.
Söygimiz, ýüregimiz bir biziň ýöne,
Señ öz durmuşyň bar, meň öz durmuşym.

Gylyçmyrat Kakabaýew
6 лайков 136 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mr_Coder
12 янв 2022, 00:51
Bravo brawo
Döwlet Şöhradow
12 янв 2022, 01:07
+++++++
SmartLider
12 янв 2022, 01:15
Nireli şahyrka bu?!
Enegul
12 янв 2022, 08:05
+++
Pegas
12 янв 2022, 08:32
Owadan goşgy. Bezelen...
aika
12 янв 2022, 08:48
... brawo