*******

"Bir derdim var artık tutamam içimde..."
(Aýdymdan)

Bir derdimiz bardy, añmady hiç kim.
Bizem diýäýmedik:"Serediñ bärik!".
Onsoñam,nä oña dert diýiljekmi?!
Ýeñil ýollar bilen tapylsa däri.

Öz-özümiz aýdym düzüp, hiñlendik
Unutdyk ertiri,öýle,giçligi
Dünýä gurduk ikimizden ybarat
Soñam oña salaýmadyk hiç kimi.

Ökünýäñmi?
Egmesene başyñy!
Indi yza garamaklyk nä gerek?!
Bu dünýäde bizden özge artykmaç,
Çünki,olar ruhumyza näbelet.

Näbelet ahyry,syrlarymyza
Kösendiler biljek bolup synanyp
Uzakly gijeler bilmezdik uklap,
Ýagyş ýagsa üşänlere gynanyp.

Diñe bahar ýaşar ýüregimizde
Ýeke boşluk durar onda garalyp.
...Bir derdimiz bardy añmazam hiç kim
Galamym!


Mahym Nurgeldiýewa.

27.11.2021.
8 лайков 187 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
24 янв 2022, 21:21
Aýdymyň sözlerini ogurlap ýadamadyňyzmy @Belki agza?
Belki
Автор 24 янв 2022, 21:24
Düşünmedim.Bärde ogrulyk ýok ahyry.Aýdymdan getirilen sitata bar.Olam ýokarda sitatadygy görkezilen.
Aýdymyñ sözlerini ogurlamak barada aýtsam beýleki açan mowzuklarymda-da olaryñ aýdymdygyny belläp geçýän.Bir eseriñ ýa-da aýdymyñ ogurlyk bolmagy üçin çeşmesini gizlemek gerek.Men çeşmesini gizlämok.
Pegas
24 янв 2022, 22:38
Цитата: Mona Songz
Aýdymyň sözlerini ogurlap ýadamadyňyzmy @Belki agza?

Epigraf, sitata... diýen zatlary bilýäňmi, Mona Songz?))

Goşgy super bolupdyr, Belki awtor! Delje-delje rifmalaryň has-da özüne çekdi. Dowamly bolsun.
Belki
Автор 25 янв 2022, 06:13
Nirvana,bularyñ ikisem biri-biri bilen baglanyşyklymyka diýýän.Ýagny,ruhuna näbelet bolandyklary üçin hiç kimi dünýäsine salyp bilenok.Hiç kimi dünýäsine salyp bilmeýänligi üçinem adamlar onuñ ruhuna näbelet. :) Diýmek ikisi üçinem dertlidir awtor :)
Ötegçi
25 янв 2022, 08:14
Berekella