Söýýän

Söýgi—girişmi sen jelepçilige
Ýa-da basgançakmyň hudaýlaşmaga?..
Ne söýýän bar, dag basylyp diline,
Ne-de söýüp uçýan duşýar asmana.
Söýýän—diýmek, salam diýmekden rowaç,
Söýýän—parol haram işe meýillä.
Söýýän—owadan gyz desse saçlaryn
Bulaşdyrtmak üçin irmän daraýar.
Söýýän!
—adamsyndan alýar-da jogap,
Çykarynmak üçin
gelin geýinýä.
(Söýýän!
Duşaly öýlän!
söýýän,
köýýän dilberim,
Bäş gezeg-ä söýerin men azyndan!
Kasam edýär ýigit söýgiň adyndan)
—Ahaw, salam bermäniň-ä jähennem,
Hiç bolmanda, sora onuň adyny,
ýaşyny,
milletin.
—Ýaş bolýarsyň päheý sen,
Söýgiň ady,
söýgiň aňy,
söýgiň ýaşy bolmaýar
hem bolmaýar milleti.
...Söýýän diýýär gaýtarma,
söýýän diýýär nowjuwan,
Söýýän diýýär supergyz,
söýýän diýýär intergyz,
Aýrylyşan jenan çekýär bedeninden
minneti.
—Gel, ýaýdanma, ýaýdanma,
Haýaýapragy ýüzlük,
gel, tändir sen, Don-Žuan.
Söýýän!
Çatyp ýetişmeýär ZAGSlar,
Soň ýollar uzaýar ýurduň süýdüne.
Söýýän—aýan igrekler, iksler,
Dünýä meňzäp barýar beňňiň düýşüne.
Söýýän—
ynha ant içýän sakgalymyň agyndan.
Söýýän—
ojak ýumrulýar beýik söýgiň adyndan.
Söýýän—
gelin ümleýär, uz ýaşynyp ýaşmagyn.
Söýýän—
ýigit gülleýär:
—Şudur dünýäň manysy.
Olar işin bitirýär penjegini ýazynyp,
Aşagynda penjegiň ölýär türkmen namysy.
Aýal çepe gatnaýar,
Är ýüregi çatlaýar!
Hezil edýär azgynlar,
Hut söýginiň adyndan.
Söýýän—hyryn-dykyn çagalar öýi,
Söýýän—ýetişmeýär lukmanlar aýryp.
Söýýän—çöpdüýbüler,
köldüýbüler,
bagdüýbüler,
dagdüýbüler

Örňäp gelýärler,
Ösňäp gelýärler.
Dünýä gark bolup barýar ýetimleriň ýaşyndan,
Jenaýatyň gylla ýary
diňe söýgiň adyndan!
Söýýän—ýürek ýarylýar!
Söýýän—namysa garşy
Söýýänleriň elhenç urşy tutaşýar.
Söýýän dünýä çat açýar!

Hüjüm edýär ynsan dörän ýerine.
Ýekeje är ömründe syndy türkmen ahlagy
Syndy namysy ary,
Syndy gadymy ýoly.
SÖÝÝÄN—
ýykylyp barýan deýýus dünýäň paroly!


Nobatguly Rejebow
3 лайков 395 просмотров
28комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
24 янв 2022, 22:32
Öň Pegas paylaşdy soň ondan görup men paylaşdym onam pozdum senem 3nji gezek paylaşyaň
Hiayres
Автор 24 янв 2022, 22:36
Real söýgüniň nämedigini öwrensinler. A to söýgi atly ýüzi makiýažly goşgujyklara ynanyp, çynmyka diýip ýörler.
Gultac
24 янв 2022, 22:39
soygin namedigini.bilyanmi ozi
Hiayres
Автор 24 янв 2022, 22:42
Cicek,
Bilmegiň nämedigini bilýäňmi özi?!
Gultac
24 янв 2022, 22:42
Yuzi makiyajly gosgy 1Nji gezek esidyan Aferin dusunjane
Gultac
24 янв 2022, 22:43
Telpek goyyan her jumlani bellap Alayyn
Gultac
24 янв 2022, 22:44
Sahyrlyk yangyndan bashlanyan eken
Gultac
24 янв 2022, 22:44
Edebiyata dusnenok passan gowsy gurleme
Pegas
24 янв 2022, 22:47
Цитата: Cicek
Edebiyata dusnenok passan gowsy gurleme

Edebiýata şu wagt-a sen düşünmän otyrsyň, mugallym gyz)
Gultac
24 янв 2022, 22:48
Namani bilmek sena tanadym
Gultac
24 янв 2022, 22:48
Donyuregin biri sena heleyine jalko
ýüreksözi
24 янв 2022, 22:50
Söýgä ýere sokulypdyr goşgyda
Leyli Amanowa
24 янв 2022, 22:50
Başyňa belany satyn allyň dosowlan bir tamdyr Huday yoly ayt gutularsyň bela-beterden
Pegas
24 янв 2022, 22:52
Цитата: Cicek
Donyuregin biri sena heleyine jalko

Kime diýýäň?
Leyli Amanowa
24 янв 2022, 22:54
Цитата: Pegas
Цитата: Cicek
Donyuregin biri sena heleyine jalko

Kime diýýäň?

Nobatgula)
Gultac
24 янв 2022, 22:54
Pegas sana diymedim yazan Hiayrese diydim
Gultac
24 янв 2022, 22:56
Leyli sen kime diyyanay basyna belany satyn aldyn diyip
Gultac
24 янв 2022, 22:56
Pegas nirden cykyaray men Hiayrese yazyp otyryn
#B.S
24 янв 2022, 22:59
Цитата: Hiayres
Cicek,
Bilmegiň nämedigini bilýäňmi özi?!

Sen ozalky xxxx dalmay dost birhili shina menzetdim. (Bellik xxxx diyip niki digry yazmadym)
Gultac
24 янв 2022, 22:59
Ay sola gutulmaya ozi adamyn nerwisini oynap bilda
XYIVENIA
24 янв 2022, 23:00
Hiayres,
Nikiñiz uytgeşik eken tanyşasym geldi
Gultac
24 янв 2022, 23:01
Tanysanyna pusman edaymesen
Gultac
24 янв 2022, 23:02
Dan bilen men nerwimi oynana gyzdy bu niki iki bolup ulanyanyzmay
Gultac
24 янв 2022, 23:03
Eger Adyn Omar bolsa adyna mynasyp dal ekenin 4caryyarlan ady
Hanguly
24 янв 2022, 23:04
3 gezek okadym täzeden hiç many çykaryp bilmedim
Leyli Amanowa
24 янв 2022, 23:08
Wlad,
poçtaňy okaga
Belki
25 янв 2022, 06:23
Hiayres,Kakamyrat Rejebowyñ goşgusyna "Söze kowalaşýar" diýen teswir ýazypdyñyz.Şony giñişleýin açyp görkezäýiñ.Sözüñ köp bolmagyna kowalaşýarmy ýa şahyrana sözleremi ýa köne sözleremi? Garaz şol pikriñizi doly açaýyñ.
Hiayres
Автор 25 янв 2022, 09:06
Belki,
Her bir adamyň, her şahyryň döredijilige öz garaýşy we ýoly bar. Nobatguly agada ar-namys, çuň ýaşaýyş filosofiýa, Kerim agada halkylyk we halk hakydasy, däp-dessury, Gurbannazarda liriki romantizm, 17-18-nji asyr iňlis jentelmenligi we 18-nji asyr rus feodal buržuazlygy bolsa, Magtymguly Pyragyda ylahy söýgi, baky ýaşaýyş we ahlak çäklerini çäklendirýän garaýyş hem ýol bar. Indi türkmen edebiýatynda Kakamyradyň orny we ýoly haýsy?! Ol nämeden ybarat?! Azajyk Magtymgulynyň ylahy söýgüsinden, azajyk Kerim aganyň halkylygyndan, azajyk Nobatguly aganyň çuň ýaşaýyş filarmoniýasyndan we köpüräk Gurbannazaryň liriki romantizminden, oňam diňe bir şahamçasynyň, ýaş ýetginjekleriň fiziki isleglerini kanagatlandyrmak üçin gurnaýan "Söýgi" atly oýnunyň waspynyň we tragediýasynyň çeper beýanyndan ybarat. Indi şol temada, şol garaýyşda çuň pikir ýaşap bilermi?! Sözüm ýok, iküç sany gowy goşgusynada duş geldim, begenip okadym. Ýöne bu adaty zat. Her bir döredijilik bilen meşgullanýan adamyň iň bolman bir gowy goşgusynyň bolaýmaklygy şert. Ähtimallyk diýlen zady ortadan aýyran ýok.)))
Hiayres
Автор 25 янв 2022, 09:12
Meň üçin Kakamyrat howany çiýşirip halka paýlaýan ýada satýan adamdan kän bir tapawudy ýok. Ony okanymdan Şeýdaýy, Şabende, Kemine, Italmaz, Halyl, Berdinazar, Annasoltan, Çary, Şiraly dagyny okanymy has ýerlikli görýän.
Belki
25 янв 2022, 14:37
Mençe Kakamyradyñ poeziýasy diýlen ýol bar.Munda näme bar?Durmuşy tema,söýgi,watançylyk bar.Kakamyradyñ liriki gahrymany položitel pikirli,päk ýürekli,azajyk çekinjeñ,ene-atasyna hormat goýýan,ýaryna "barym"diýýän,duýguçyl,
romantik ýigit.Dogry aýdýañyz,azajyk Kerim azajygam Nobatguly bar.Ýöne ikisini bir adamyñ döredijiliginde birleşdirip bilmegi siziñ,meniñ,okyjyñ hoşuna gelip bilmezmi?! Edil Gurbannazary görýän diýsem-ä ýalançy men.
Kakamyradyñ döredijiliginde iñ halaýan aýratynlygym çuñ manyny gulaga ýakymly sözler bilen berip bilmegi.Dogrusy özüm-ä ondan kän zat öwrendim.Kakamyradyñ döredijiligindäki goşgulary iki topara bölýän men:
1.Romantizmi ýetik,şahyrana goşgular.
2.Çuñ many-mazmuna ýugrulan goşgular.

Soñky döwûr ol ikinji topara has köp ýykgyn edýär.Okyjy hökmünde gazetde goşgularyny görsem adyny okamankam şonuñkydygyny çaklap bilýän.Bulam onuñ öz ýolunyñ bardygynyñ alamaty.