SÖÝÝÄN

SÖÝÝÄN...
Söýgi — girişmi sen jelepçilige
Ýa-da basgançakmyň hudaýlaşmaga?..
Ne söýýän bar, dag basylyp diline,
Ne-de söýüp uçýan duşýar asmana.
Söýýän — diýmek, salam diýmekden rowaç,
Söýýän — parol haram işe meýillä.
Söýýän — owadan gyz desse saçlaryn
Bulaşdyrtmak üçin irmän daraýar.
Söýýän!
— adamsyndan alýar-da jogap,
Çykarynmak üçin
gelin geýinýä.
(Söýýän!
Duşaly öýlän!
söýýän,
köýýän dilberim,
Bäş gezeg-ä söýerin men azyndan!
Kasam edýär ýigit söýgiň adyndan)
— Ahaw, salam bermäniň-ä jähennem,
Hiç bolmanda, sora onuň adyny,
ýaşyny,
milletin.
— Ýaş bolýarsyň päheý sen,
Söýgiň ady,
söýgiň aňy,
söýgiň ýaşy bolmaýar
hem bolmaýar milleti.
...Söýýän diýýär gaýtarma,
söýýän diýýär nowjuwan,
Söýýän diýýär supergyz,
söýýän diýýär intergyz,
Aýrylyşan jenan çekýär bedeninden
minneti.
— Gel, ýaýdanma, ýaýdanma,
Haýaýapragy ýüzlük,
gel, tändir sen, Don-Žuan.
Söýýän!
Çatyp ýetişmeýär ZAGSlar,
Soň ýollar uzaýar ýurduň süýdüne.
Söýýän — aýan igrekler, iksler,
Dünýä meňzäp barýar beňňiň düýşüne.
Söýýän —
ynha ant içýän sakgalymyň agyndan.
Söýýän —
ojak ýumrulýar beýik söýgiň adyndan.
Söýýän —
gelin ümleýär, uz ýaşynyp ýaşmagyn.
Söýýän —
ýigit gülleýär:
— Şudur dünýäň manysy.
Olar işin bitirýär penjegini ýazynyp,
Aşagynda penjegiň ölýär türkmen namysy.
Aýal çepe gatnaýar,
Är ýüregi çatlaýar!
Hezil edýär azgynlar,
Hut söýginiň adyndan.
Söýýän — hyryn-dykyn çagalar öýi,
Söýýän — ýetişmeýär lukmanlar aýryp.
Söýýän — çöpdüýbüler,
köldüýbüler,
bagdüýbüler,
dagdüýbüler

Örňäp gelýärler,
Ösňäp gelýärler.
Dünýä gark bolup barýar ýetimleriň ýaşyndan,
Jenaýatyň gylla ýary
diňe söýgiň adyndan!
Söýýän — ýürek ýarylýar!
Söýýän — namysa garşy
Söýýänleriň elhenç urşy tutaşýar.
Söýýän dünýä çat açýar!

Hüjüm edýär ynsan dörän ýerine.
Ýekeje är ömründe syndy türkmen ahlagy
Syndy namysy ary,
Syndy gadymy ýoly.
SÖÝÝÄN —
ýykylyp barýan deýýus dünýäň paroly!

NOBATGULY REJEBOW.
4 лайков 259 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Halap
Автор 25 июл 2022, 17:12
Iň halaýan goşgulammyň biri şü
Halap
Автор 25 июл 2022, 17:13
Sapa, has atlarda ýapyk k,p,t,ç sesleri açyk g,b,d,j seslerine öwürlenok däm-aý?
Halap
Автор 25 июл 2022, 17:14
Nobatguly Rejepow dogry bolaýjak ýaly göwnüme...
Halap
Автор 25 июл 2022, 17:15
Ýa men ýalňyşýanmy?
Pegas
25 июл 2022, 17:20
Haydaroff
Sapa, has atlarda ýapyk k,p,t,ç sesleri açyk g,b,d,j seslerine öwürlenok däm-aý?

Öwrülýär)
Medet - Meded
Sylap - Sylab
Guwanç - Guwanj
Kömek - Kömeg
Pegas
25 июл 2022, 17:21
Haydaroff
Iň halaýan goşgulammyň biri şü

Meňem.
Halap
Автор 25 июл 2022, 17:35
Pegas
Haydaroff
Sapa, has atlarda ýapyk k,p,t,ç sesleri açyk g,b,d,j seslerine öwürlenok däm-aý?

Öwrülýär)
Medet - Meded
Sylap - Sylab
Guwanç - Guwanj
Kömek - Kömeg

Sagboluň!
Aksary
25 июл 2022, 18:05
Haydaroff,
Sen Kadyrmy?
Pegas
25 июл 2022, 18:08
Aksary
Haydaroff,
Sen Kadyrmy?

Süleýman bolmagam ahmal)
Aksary
25 июл 2022, 18:10
Pegas
Aksary
Haydaroff,
Sen Kadyrmy?

Süleýman bolmagam ahmal)

Yo men seydidäki kurator bn çalyşdym öýtýän.o däl bolmaly
Halap
Автор 25 июл 2022, 19:03
Aksary
Haydaroff,
Sen Kadyrmy?

Ýok men ol däl. Seň diýýäniň Haýdarow Kadyr bolmaly. Ýylam ýalňyşmasam ýa 96 ýa 97 öýdýän, anyk ýadymda ýok. Özem Aşgabatly bolmaly. (Meň diýýänim bolsa şo bolmaly, ýalňyşýan bolmagymam ahmal).
Halap
Автор 25 июл 2022, 19:07
Pegas
Aksary
Haydaroff,
Sen Kadyrmy?

Süleýman bolmagam ahmal)

Ýok dost, Süleýmana däl))
Öňki Territorial Goranyş goşunlary müdirliginiň başlygy Polkownik Gylyjowyň inisi Gylyjow Süleýmana meňzeden bolsaň men olam däl))
Aksary
25 июл 2022, 19:45

Yok pegas seni Suleyman Haydarow diyip gosgy yazýan oglana meñzeden bolmaly
Halap
Автор 25 июл 2022, 19:55

Habarym ýokdy olardan. Oglanlar gowmusyňyz
Aksary
25 июл 2022, 22:08

Oñat,şükür!