Söýýän


Söýgi - girişmi sen jelepçilige
Ýa-da basgançakmyň hudaýlaşmaga?..
Ne söýýän bar, dag basylyp diline,
Ne-de söýüp uçýan duşýar asmana
Söýýän - diýmek salam diýmekden rowaç.
Söýýän - parol haram işe meýillä.
Söýýän - owadan gyz desse saçlaryny
Bulaşdyrtmak üçin irmän daraýar.
Söýýän!
- adamsyndan alýar-da jogap,
Çykarynmak üçin
gelin geýinýär.
(Söýýän!
Duşaly öýlän!
Söýýän,
köýýän dilberim,
Baş bezeg-ä söýerin men azyndan!
Kasam edýär ýigit söýgiň adyndan)
- Ahaw, salam bermäniň-ä jähennem
Hiç bolmanda sora onuň adyny,
ýaşyny,
milletiň.

- Ýaş bolýarsyň päheý sen,
Söýgiň ady,
söýgiň aňy
Söýgiň ýaşy bolmaýar.
hem bolmaýar milleti.
Söýýän diýýär gaýtarma
Söýýän diýýär nowjuwan
Söýýän diýýär super gyz,
Söýýän diýýär intergyz.
Aýrylyşan jenan çekýär bedeninden.
minneti.
- Gel, ýaýdanma, ýaýdanma.
Haýaýapragy ýüzlük
gel, tändir sen, Don-Žuan
Söýýän!
Çatyp ýetişmeýär ZAG-slar.
Soň ýollaýar uzaýar ýurduň süýdüne
Söýýän - aýan igrekler, iksler.
Dünýä meňzäp barýar beňňiň düýşüne
Söýýän -
ynha ant içýän sakgalymyň aýyndan.
Söýýän -
ojal ýumrulýar beýik söýgiň adyndan -
Söýýän -
gelin ümleýär, uz ýaşynyp ýaşamagyn.
Söýýän -
Ýigit gülleýär:
- Şudur dünýäň manysy.
Olar işin bitirýär penjegini ýazynyp,
Aşagynda penjegiň ölýär türkmen
namysy
Aýal çepe gatnaýar
Är ýüregi çatlaýar
Hezil edýär azgynlar.
Hut söýginiň adyndan
Söýýän - hyryn-dykyn çagalar öýi.
Söýýän - ýetişmeýär lukmanlar aýryp,
Söýýän - çöpdüýbiler,
köldüýbiler,
bagdüýbiler
dagdüýbiler.

Örňäp gelýärler
Ösňäp gelýärler.
Dünýä gark bolup barýar ýetimleriň
ýaşyndan
Jenaýatyň gylla ýary
diňe söýgiň adyndan!
Söýýän - ýürek ýarylýar!
Söýýän - namysa garşy
Söýýänleriň elhenç urşy tutaşýar.
Söýýän dünýä çat açýar!
Hüjüm edýär ynsan dörän ýerine.
Ýekeje är ömründe syndy türkmen ahlagy
Syndy namysy ary.
Syndy gadymy ýoly.
SÖÝÝÄN
ýykylyp barýan deýýus dünýäň paroly!






Nobatguly REJEPOW
5 лайков 177 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#динара.
01 авг 2021, 10:02
+++++
zumerchi
01 авг 2021, 14:23
++++