Oýlanma...

-Suw diýdiňmi ? Wah-wah-eý ! Suwsansyň sen ! Özüňem şu petiş yssyda ýola çykaýypsyň-da. Azajyk sabyr et !
Men saňa suw bereýin . Hany kürüşgäm ?! Gyssansaň, eliňdäki zady hem gözleýäň-dä. Ýaňyja-da bardy-la ol. Wiý,ynha. Huşum gursyn ! Mör-möjek degäýmesin diýip özüm ýokardan asyp goýupdym-da. Suw diýdiňmi sen ?
Derrew kürüşgämi süpüreýin. Hany meniň arassaja matam ?Hä ynha... Indi boldy. Içi dagy lowurdap dur. Muny suwdan dolduryp bererin welin, heziller edinäýersiň. Howa-da yssy-da. Gaty suwsansyň sen...

Şeýdip ol ozalam ýerde goýulman ,ýokardan asylgy kürüşgäniň içini-daşyny akja mata bilen süpürdi,soň bedräni egip,ony suw bilenem çaýkady. Şondan soň başga bir agzy gapakly suwdan doly bedrä girip - çykan kürüşge maňa tarap uzady.
-Wah gaty suwsansyň sen . Me !
Kürüşgäniň daşy irki güýzüň gyrawy ýaly bolup çalaja bugarypp göründi. Ak bedrä çümüp gelen sowuk suwly kürüşgäni başyma çekenimde,gara daşy ýaryp çykýan buz ýaly çeşme suwuna eňegimi basandyryn öýtdüm.
-Noş bolsun-diýdi.
Aýdyşyndanam beter noş boldy.
Men suw däl-de,ýadaw bedene kuwwat berýän jadyly bir zat içen ýaly boldum. Agzym sowuk suwdan,gulagymam mylaýym sözden lezzet aldy.
Adam pahyryň göwnüni awlamak üçin ullakan zat hem gerek däl-dä. Gör-ä, ýogsam, dilänim-ä bary-ýogy bir kürüşgejik suwdy welin...






Çeşme: Garagum
2 лайков 161 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gultac
25 янв 2022, 09:37
Basyny okap suw bermez oydupdim
Ejegyz.
Автор 25 янв 2022, 09:38
Cicek,
hihi
мусульманка
25 янв 2022, 09:39
gowumy gy
мусульманка
25 янв 2022, 09:40
Garagum kitabyndan yazdyn gerek Sahrizadan alyp cilimkesh
мусульманка
25 янв 2022, 09:51
Цитата: Ejegyz
мусульманка,
Salam joram gowumy ? Hawa Hudaýa şükür gowy men-ä :arzbuz:
hawa Şährizadadan aldym

menem gowy alkash
Ejegyz.
Автор 25 янв 2022, 09:53
мусульманка,
hemişe gowy bolaly ! arbuz
мусульманка
25 янв 2022, 09:57
Цитата: Ejegyz
мусульманка,
hemişe gowy bolaly ! arbuz

aydanyn gelsin!
Leyli Amanowa
25 янв 2022, 12:23
arassaçyl ayal eken
SaDMaN
25 янв 2022, 14:47
howwa adam pahyra esasy süýji söz gerek
SaDMaN
25 янв 2022, 14:47
iýmitsiz oňup bolar ýöne suw bolmasa 1 günem ýaşap bolmaz