Parasatly kempir

Gadym eýýamlarda telbe ýaly bolup, dag eňňitlerinde aýlanyp ýörýän pähim-parasatly bir kempir bar eken.

Günlerde bir gün ýaňky kempir gymmat bahaly daş tapypdyr. Ertesi gün hem ýaňky kempir özi ýaly gezendäniň biri bilen gabatlaşypdyr. Gezendäniň garny aç eken. Kempir ýantorbasyndan duz-çöregini çykaryp, gezendäniň öňünde goýupdyr. Şonda gezende kempiriň torbasyndaky gymmat bahaly daşy görüpdir-de, şony özüne bermegini sorapdyr. Parasatly kempir hiç hili ikirjiňlenmän, daşy oňa berip goýberipdir.

Gezende begenjinden iki bolup bilmändir. Ol kempire alkyş baryny aýdyp, ýoly bilen gidipdir. Şunlukda ýaňky gezende baýapdyr. Aradan esli ýyl geçensoň, özüne şol gymmat bahaly daşy peşgeş beren kempiriň gözlegine çykypdyr. Ahyry bir gün hem ony tapypdyr.

Şonda ol kempire: «Sen bir mahallar maňa gymmat bahaly daş beripdiň. Ýöne men indi senden şol daşdan hem has gymmatly bir zady sorajak. Şony maňa berip bilermiň?» diýipdir. Kempir: «Aýt hany, eşideli?» diýip, gezendäniň ýüzüne soragly nazar bilen seredipdir. Gezende: «Şol daşy maňa bermäge iteren zady» diýip jogap beripdir.
3 лайков 151 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
22 июл 2022, 11:13
Parasatly telbe kempir. :))
Hiayress
22 июл 2022, 11:35
Rigel,
Ähä ))
Hiayress
22 июл 2022, 11:38
Rigel,
Şo-da şo ))