"Men,Enem,Iliko we Illarion"
Enemde ylym babatda özboluşly düşünje bar. Bir gezek sekide oturyp,gruzin grammatikasynyň bir kadasyny ýat tutjak bolup,gulagyma urlan ýaly gygyryp otyrdym welin,enem maňa sowal berdi:
-Sen nämäni hetjikläp,ýat tutjak bolýaň,oglum ?
-At çalyşmasyny,ene.
-Näme-e ? Ýaşap ýörseň,,her haýsyny eşitjek bu ýalançyda.Heý,eneň-ataň dakan adynam bir çalşybermeli oguşýa ?
-Ene, sen howpurgaberme.Bu taýda başga zat diýiljek bolunýa.
-Goýup otursana.Adamda bir at bar. Olam ene-atasynyň dakan ady. Ony başga zat bilen çalşyp bolmaz-a. Hany,meniň adymy çalyşjak bolup görsünler, başlaryna itiň derisini geýdiräýmenmi ?
-Ýeri bolýa-da.-Men enem bilen ýaňkalaşyp durmadym-da,kitabymy ýapdym.-Hany onda aýdyp ber sen :at diýlip nämä aýdylýar ?
-Atmy-at at borda !
-Sapagyňy bileňok. Otur, ene, ikilik !
- Men saňa ikiligi gözüňe görkezerin,diýmäýin diýsem ! Häziriň özünde git-de, geçiňi daň.Ýogsam eddil iniň bilen boýuňy des - deň edäýerin .
Nodar Dumbadze.

10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.