Seni söýenem, ýigrenen hem, şo-ol adam ogullarydy...
Dünýe...!
...Kimileri umytlandy, kimileri umytdan düşdi. Düýn umydyny ýitiren, bu gün umydyny tapdy.
Kimileri goýnuňda güldi, kimileri aglady.
Kimileri bagtlydy, kimileri bagtsyz...
Emma, ýenede ýaşamaga dowam edýärdi. Umytdan düşsede, aglasada, gülsede, hassalansada, ýykylsada, galsada. Ýene ýaşamaga dowam edýärdi.
Her bir zat üçin "wahh, dünýee!" diýip, zeýrensede, bu dünýäni ýigrensede, ýenede seniň howaňdan dem alýardy. Seniň topraklaryňa aýak basýardy.
...Emma, her bir zat üçin seni günäkärleýärdi. Her bir zat üçin, senden ar alasy gelýärdi.
Kimileri bu dünýä ýalançy diýdi, kimileri ýaşamagy söýdi.
Seni söýenler, hiç ölesi gelmedi. Senden el üzesleri gelmedi. Ýaşadyklaryça, ýaşaslary geldi.
Seni ýigrenenler bolsa, hernä bir gün seniň günäkär däldigiňe göz ýetirerler. Seni söýenem, ýigrenen hem ýene şo-ol adam ogullarydy...
Ogulşirin Bayramowa
26.01.2022ý.

21комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.