"Sen hakda soňky gezek..."

Sensiñ meni şahyr eden bu anyk,
Bu ukyby guýduñ ýeňil kelläme.
Kän ýazypdym seniñ yşkyñda ýanyp,
Ýangynsyz ýazmadym,
Peýdasy näme?!

Ýazjakdym sen hakda poema, roman,
Ýazdym.
Tragedýa öwrüldi bary.
"Seni söýýän" diýip eserde ýazman,
"Söýüpdim" diýlenniň peýdasy barmy?!

Hawa ol peýdasyz, şonuñ üçinem,
Olaryñ ömüri bolmady uzak.
Ýazdym,
Ýyrtdym.
Ýazdym özüm üçinem,
Saklamak isledim ençeme gezek.

Uruşlarym tamamlandy peýdasyz,
Öz içgi dünýäme ýetmedi güýjüm.
Indi ýaşatjak men ýüregmi sensiz,
Ol hem gezeginde görkezsin güýjün.

Sebäp yadadym men soñsuz eserden,
Nesip,
Geljegi bar goşgular ýazjak.
Gutulyp bu agyr, elhenç keselden.
Indiki ömrümiñ rejesin düzjek.

Bu gün yüregimde iñ soñky günüñ,
Besdir oña parhsyz garap yaşanyn.
Oña saýlap, salyp, ajabyn gülüñ,
Söýen gezegimde söýlüp ýaşaryn.

Soñky gezek ýazýan sen hakda eser,
Sebäbi bu seniñ beren ukybyñ..
Dogry meniñ bolşum bu gün has ýeser,
Hoş gal!
Dowamyny etjek ukymyñ..
7 лайков 198 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Miss
26 янв 2022, 11:54
Like
Miss
26 янв 2022, 11:57
Gowy gordum
ShaDo
26 янв 2022, 12:41
Ajaýyp goşgy. Aýralyk hakda bolsa hem kalbyň düýp-düýbine ýetip barýan, inçe duýgyň tarlaryny çalýan ajaýyp eser. Menden-de LIKE sagbolun
Belki
26 янв 2022, 13:13
Awtory?
ýüreksözi
26 янв 2022, 14:41
lowi like Gaty gowy
OrazMuhammet Aşyrow
26 янв 2022, 16:45
Awtory kimkä?
Goşgyny bir agyzdan haladyk.?)