SEN HAKDA SOŇKY GEZEK

Sensiñ meni şahyr eden bu anyk,
Bu ukyby guýduñ ýeňil kelläme.
Kän ýazypdym seniñ yşkyñda ýanyp,
Ýangynsyz ýazmadym,
Peýdasy näme?!

Ýazjakdym sen hakda poema, roman,
Ýazdym.
Tragedýa öwrüldi bary.
"Seni söýýän" diýip eserde ýazman,
"Söýüpdim" diýlenniň peýdasy barmy?!

Hawa ol peýdasyz, şonuñ üçinem,
Olaryñ ömüri bolmady uzak.
Ýazdym,
Ýyrtdym.
Ýazdym özüm üçinem,
Saklamak isledim ençeme gezek.

Uruşlarym tamamlandy peýdasyz,
Öz içgi dünýäme ýetmedi güýjüm.
Indi ýaşatjak men ýüregmi sensiz,
Ol hem gezeginde görkezsin güýjün.

Sebäp yadadym men soñsuz eserden,
Nesip,
Geljegi bar goşgular ýazjak.
Gutulyp bu agyr, elhenç keselden.
Indiki ömrümiñ rejesin düzjek.

Bu gün yüregimde iñ soñky günüñ,
Besdir oña parhsyz garap yaşanyn.
Oña saýlap, salyp, ajabyn gülüñ,
Söýen gezegimde söýlüp ýaşaryn.

Soñky gezek ýazýan sen hakda eser,
Sebäbi bu seniñ beren ukybyñ..
Dogry meniñ bolşum bu gün has ýeser,
Hoş gal!
Dowamyny etjek ukymyñ...
3 лайков 132 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahally
Автор 05 июн 2022, 21:31
Goşgy çeper ýazylypdyr, emma nämüçindir awtory berilmändir.

Siz bilýäňizmi, awtory kimkä?!
Öwreniji
05 июн 2022, 22:05
Ahally_24,
Ýok men tanamok Pegas biläýmese,
Ahally
Автор 05 июн 2022, 22:41
Remezan,
Hmm, dogry. Yone Pegas barik yazmaymasa))
Öwreniji
05 июн 2022, 22:55
Ahally_24
Remezan,
Hmm, dogry. Yone Pegas barik yazmaymasa))

Mümkin agza bilýändir onda öňem soradyňmy ýa birinji saparmy
Ahally
Автор 05 июн 2022, 22:58
Remezan,
Yo on soramadym birinji gezekle.
Ay bilseler okanlarynda yazarlarla.