Jaýdar jogaplar
Akyllylyk hem öýlenmek
Ýazyjy Jonatan Swift ýetginjeklik ýaşyna gadam basan ogluny öýermek isläpdir welin, dostlary ýerli-ýerden:
- O-how, ol entek ýaş dälmi? Goý, degme, biraz akyllansyn, näme! - diýişipdirler.
- Goýaweriň o gürrüňi! Zynhar akyllanmasyn. Ýogsa öýlenmekden ýüz öwrer.
Gurt kadasy
"Beýik" diýip sypatlandyrylýan Isgendere Eýranyň şasy Daranyň ullakan goşun ýygnaýandygyny habar berenlerinde ondan şeýle jogap eşidipdirler:
-Bir süriniň üstüne atyljak bolup duran böri onuň sany hakda oýlanmaz!
Ýalňyzlyk
Meşhur basnýaçy Ezopyň ýanyna gelen dostlarynyň biri onuň münder-münder kitaplarynyň arasynda dümtünip oturyşyny görüp,
-Beýdip, ýeke özüniň oturyp bilşiňize haýran galýaryn. Ýüregiňiz gysanokmy? - diýýär. Ezop oňa:
- Ýüregim gysar ýaly men ýalňyz däl. Meniň üçin ýalňyzlyk kitaplarym bilen üzülen wagtymda başlaýar.
Inçe söz
Abbasylar döwründe ýaşap geçen meşhur arap şahyry Habyb bin Ews, söz mejlisleriniň birinde "Dymmakmy ýogsa söz sözlemekmi gymmatly" diýlen temada jedel gidip durka, dymmaklygyň mertebesini belent tutanlara şeýle jogap beripdir:
- Biz dymmaklygy söz bilen taryp edip bileris, emma sözi dymmaklyk bilen wasp edip bilmeris. Şonuň üçinem sözüň mertebesi dymmaklykdan belent tutýarys.
Ukynyň gymmaty
Samos koroly Polikratos şahyr Anekrona birneme altyn sowgat edýär. Şahyr ol altynlary näme erjegini bilmän, iki gijäni çirim etmän geçirýär. Ahyry altynlary yzyna eltip berýär-de şeýle diýýär:
- Korolym, altynlaryňyz diýseň gymmatly. Emma meň üçin ukym olardan has gymmatly...
Gürrüňçil
Bir professordan soraýarlar:
- Syýasatçy diýip kime aýdylýar?
- Birtopar meseler hakynda boş gürrüň edýän adama aýdylýar.
- Onda hökümet adamsy kim bolýar?
- Ol meselelerden baş çykaryp bilmä:ni üçin geplemän oturanyny kem görmeýän adamdyr.
Ahlagy bozar
Mehmet Emre hojadan, telewizorda käbir kanallaryň görkezýän wejeralyklaryny göz öňünde tutup: "Hojam, telewizora tomaşa etmek täreti bozarmy?" diýip soraýarlar. Hoja bu soraga şeýle jogap berýär:
- Täreti bozmasa bozmaz weli, ahlagy bozjagy ikuçsyz!
O taýda kim bardy?
Samuel Smiles gürrüň berýär:
Ýeke özi baga girip aýlanyp ýören bir ýaş ýigitden, näme üçin hiç kim ýogam welin, bagdan bäş-üç sany armyt toplap jübüsine salmaýandygyny soralanda, ýagşy terbiýäniň tüýs özeni bolan şeýle sözler bilen olara jogap berýär:
- O nähili hiç kim ýok? Men nä, bu taýda dälmi? Men özümiň olar ýaly masgaraçylyk edenimi göresim gelenok.

18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.