Ilkinji goşgy..
Iñ eý gӧrýän adamyñyz barada
Düzme ýazyñ diýdi bir gün mugallym.
Hemmeler düzmesin tabşyrdy gitdi,
Bu uly klasda bir ӧzim galdym.
Eýläk-beýläk gezmeleýär mugallym,
Men bolsa sӧzbaşam tapamok şindi.
Kagyza damanda gӧzimiň ýaşy,
Mugallymym ýagdaýyma düşündi.
Ol ýuwaşlyk bilen çykdyda gitdi,
Gӧzimi süpürdim nemlendi ýenem,
Şeýdip sessiz aglap çola klasda,
Saňa goşgy goşdum mähriban Enem.
Bolýan işe seret ýaňky düzmäme,
Mugallymym şonda goýupdyr '5'-lik,
Ilkinji goşgyny şeýdip ýazdyrdy,
Ezizin elinden aldyran ýaşlyk.
Berdinazar Hudaýnazarow
Düzme ýazyñ diýdi bir gün mugallym.
Hemmeler düzmesin tabşyrdy gitdi,
Bu uly klasda bir ӧzim galdym.
Eýläk-beýläk gezmeleýär mugallym,
Men bolsa sӧzbaşam tapamok şindi.
Kagyza damanda gӧzimiň ýaşy,
Mugallymym ýagdaýyma düşündi.
Ol ýuwaşlyk bilen çykdyda gitdi,
Gӧzimi süpürdim nemlendi ýenem,
Şeýdip sessiz aglap çola klasda,
Saňa goşgy goşdum mähriban Enem.
Bolýan işe seret ýaňky düzmäme,
Mugallymym şonda goýupdyr '5'-lik,
Ilkinji goşgyny şeýdip ýazdyrdy,
Ezizin elinden aldyran ýaşlyk.
Berdinazar Hudaýnazarow
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.