"Senden öñ men"

Salam agzalar!Size bir soragym bar:Sagdyn däl adamyny söýüp bilermisiñiz? Bu soragy bermekdäki maksadym pikriñizi bilmek däl.Çünki,hemmäñiziñ biragyzdan "Ýok"diýip jogap berjekdigiñizi bilýärin.Meniñ başdaky soragym diñe giriş sözlemi.Men bu gün size döşünden aşagy ysmaýan ýigde aşyk bolan gyz hakdaky romany gürrüñ bermekçi.Bu Jojo Moyesiñ "Senden önce ben" romany.Okan romanlarymyñ arasynda iñ uly täsir galdyranlardan biri.Romanda söýgi duýgusy mümkin bolan iñ romantik dilde beýan edilýär.Hatda,hakyky söýgiñ nämedigine bu romany okaman düşünmersiñiz diýesim gelýär.
Roman Louisa Clark atly gyzyñ ofisant bolup işleýän kafesiniñ ýapylmagy bilen başlanýar. Gün-güzeranyny agyr dolaýan maşgalanyñ gyzy bolan Louisa özüne täze iş gözlenip ugraýar.Şeýlelik bilenem näsag ýigit Will Traynora seretmek maksady bilen Traynorlaryñ baý,kaşañ jaýlaryna işe alynýar.
Traynorlaryñ ýeke ogly Will Traynor baý,owadan,işewür ýigit.Onuñ her güni täze başdan geçirmelerden dolup durka,ýagyşly günleriñ birinde motosikl heläkçiligine uçraýar.Şondan soñ döşünden aşagy ysmaýan,mydama özgä mätäç bolan,barmaklarynyñ diñe bir-iki sanysyny hereket etdirip bilýän,ömrüni maýyp tigirçeginde geçirmäge mejbur bolan ynsana öwrülýär.Will şol ýagdaýda iki ýylyny geçireninden soñ Louisa Clarky oña gözegçilik etmek üçin işe alýarlar.
Will bilen Louisanyñ ilkibada jyny jyñkyryşmasa-da soñabaka olar iki ýakyn dosta öwrülýär.Williñ agyr kesellidigine garamazdan degişgenligi,alçaklygy,garşydaşyny ýañsylaýşy Louisany ýuwaş-ýuwaşdan özüne çekip ugraýar.Will Louisa ýürekgysgynç durmuşyny taşlap,täze hünärler öwrenmegi,dünýäni gezmegi maslahat berýär.Biri-biri bilen edebiýat,aýdym-saz,kino sungaty barada içgin pikir alyşýarlar.
Şeýle günleriñ birinde Louisa tötänden Williñ Dignitasa (Dignitas -özüni öldürmek isleýän adamlara añsat ölüm eçilýän ýer) gidip,ömrüni soñlandyrmak isleýändigini eşidýär.Ony bu gelen netijesinden dändirmäge synanyşýar.Onuñ üçin her dürli syýahatlary,gyzykly başdan geçirmeleri gurnaýar.Şeýle gyzykly başdan geçirmeleriñ birinde bolsa ol özüniñ Wille aşyk bolandygyna düşünip galýar.Indi Williñ ölümi Louisa üçin diñe bir dostuñy,hojaýynyñy ýitirmek däl,eýsem hakyky söýgisini-de ýitirmek boljakdy.Louisa öñküsindenem güýçli depgin bilen ony bu netijesinden dändirmäge synanyşýar.Eýsem,Louisa muny başardymyka?
Agzalar,mundan añyrsyny gürrüñ berjek däl.Sebäbi okajaklara soñuny aýtdygym bolar.Ýöne şu romany size çynym bilen maslahat berýärin.Şeýle hem "Senden önce ben" (türkçe terjimesi) ady bilen romanyñ filmi surata düşürildi.Oña-da tomaşa edip bilersiñiz.

Sözümiñ soñunda size şeýleräjik sowalym bar:Siziñ bir ýakynyñyz Williñ ýagdaýyna düşse,şeýle netijä gelse,siz ony gelen netijesinden dändirmäge synanyşarmydyñyz?Ýa-da onuñ iýjegi-içjegi we beýleki hajatlary özgä bagly bolan durmuşda ýaşanyndan ýaşamany gowy diýip,gelen netijesine hormat goýarmydyñyz?

Hormatlamak bilen @ Belki.
9 лайков 535 просмотров
53комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
noname
31 янв 2022, 19:17
Turkmenden berdi kinosyny gorupdim onrak
Biohimik
31 янв 2022, 19:23
Hmm okap goreyin onda
@belki sizde bar bolsa poctama ugradayyn we ozunizin halayan eserlerinizam tipa #kerim as saziliniñ atamyn durmus hakda aytmadyklary yaly eserleri
Biohimik
31 янв 2022, 19:23
Hayys edyan
ylymlarsasy.20@gmail.com
Belki
Автор 31 янв 2022, 19:34
Danger,şol meñ diýýänimmikä?
Azajyk mazmunyny gürrüñ beriñ hany.
Biohimik,öñem iki üç agza kitap soranda aýdypdym:"Aýda 500 mgbtlyk taryf ulanýan.Üstesine poçtamam haýal bolansoñ bar mgbtymy sorýar".Bagyşlarsyñyz.
Hiayres
31 янв 2022, 19:35
"Romanda söýgi duýgusy mümkin bolan iñ romantik dilde beýan edilýär.Hatda,hakyky söýgiñ nämedigine bu romany okaman düşünmersiñiz diýesim gelýär."

Romany okadyň, inşalla söýgi nämediginede düşünensiň. Indi maňada düşündirsene "söýgi" näme?!
Biohimik
31 янв 2022, 19:35
Цитата: Belki
Danger,şol meñ diýýänimmikä?
Azajyk mazmunyny gürrüñ beriñ hany.
Biohimik,öñem iki üç agza kitap soranda aýdypdym:"Aýda 500 mgbtlyk taryf ulanýan.Üstesine poçtamam haýal bolansoñ bar mgbtymy sorýar".Bagyşlarsyñyz.

Hayys sizden onda atlaryny yazayyn
Men saytlardan alaryn))
Hiayres
31 янв 2022, 19:37
Kitabyň soňuny gürrüň bermek hökman däl, birinji sözünden belli nähili gutarjagy.))
IDEALLIDER
31 янв 2022, 19:40
Gelejekde lal gyza duşsam maşgalam oňlasa oňa öýlenjek. Bagtly etjek. Roman barada aýdanymda gowy eken. Ýene şuňa meňzeş bir film bopmaly. Çaga gyzjagaza jadygoý gargaýar gyzjagaz doňuz burunly bolýar. Gyz şeýle ýagdaýda hakyky söýene duşsa jadysy aýrylýar. Oglan ogurlyga gelýär. Mundan başgada "Bella and teh Beast" diýilen erteki hem bar. Temaň soňundaky soraga "Bar janym bilen alyp galjak" ýagşylyk hemmekişä gerek!
Belki
Автор 31 янв 2022, 19:41
Hiayres,haýsy sözümden belli we aýdyñ hany nädip gutarjakmyş?
Söýgi hakdaky soragyñyza jogap:

Söýgi mätäç däldir filosofiýa
Söýmek başartmaýar söýgä dûşünseñ
S.Geldiýew.

Hiayres,siz söýgä düşünjek bolmañ,siz diñe söýüñ!
#B.S
31 янв 2022, 19:42
Aý menä beýle kitaplary okasam ýa kinolary görsem bäşinji minudyndan soň uklap galýan...
Fantastika diý, detektiw diý ýa triller diý...
Soraga gelsek, aý menä bara ýaşamagy üçin elimden gelenini ederdim...
Hiayres
31 янв 2022, 19:44
Belki,
Romany okamasaňyz söýgä düşünmeýäňiz diýdiňiz, siz romany okadyňyz, söýgä düşündiňiz, indi maňada düşündiriň!
Liwerpul_fc
31 янв 2022, 19:47
Meni gyzyklandyrýan sorag:-garyp bolanlygynda söýerdimi?
#B.S
31 янв 2022, 19:48
Цитата: Liwerpul_fc
Meni gyzyklandyrýan sorag:-garyp bolanlygynda söýerdimi?

name Bähhh tapaýýaňaý senem...
Belki
Автор 31 янв 2022, 19:49
Biohimik ýokarky kitaby-ha bilensiñ.Mundan daşary psihologiýa hakynda sada dilde başdan geçirilen wakalaryñ üsti bilen düşündirýän Gülseren Budayıcıoğlunyñ kitaplary bar:"Madalyonun içi" "Günahın üç rengi" "Hayata dön" "Camdakı kız" "Kral kaybederse".
"Kişisel gelişim" kitaplary:Mustafa Çay "Bilincim sana söylüyorum,bilinçaltım sen anla" .Erdal Demirkıranyñ kitaplary:"Ben dünyanın en akıllı insanıyım" "Sadece aptallar 8 saat uyur" "Bütün kadınlar aptal sen hariç" ýaly kitaplar.
Erdal Demirkıranyñ kitaplarynyñ soñunda beýleki kitaplarynyñ hem atlary berilýändir.Şolardan görüp alyberiñ.Häzirlikçe şular.Soñ ýene gowy kitap tapsam size aýdaryn nesip bolsa.
Belki
Автор 31 янв 2022, 19:51
Hiayres,men düşündirip bilemok.Men diñe söýüp bilýän.
A:t tapmadym
31 янв 2022, 19:57
Bir ýeelerde okadym.Özem @Belki şoda seniň ýazgyňdy öýdýän.Ýagny gyz ony niýetinden el çekdirip bilenok.Will oňa şeýle manydaky sözleri aýdýär:Maňa ikinji urgy agyr deger.Ýol uzak...Günleriň birinde meň ýagdaýym ( kişä mätäçlim) seni irizer we bu maňa has agyr bolar....Ýalňyşmasam şeýle bolmaly...
Hiayres
31 янв 2022, 19:58
Belki,
Düşünmek bir başga, söýmek bir başga. Onda ýokardaky sözlemiňiz nädogry bolýar. Şonuň üçinem "söýgiň nämedigine düşünmersiňiz" diýmän, "söýüp bilmersiňiz" diýip almaly bolýar.
Hiayres
31 янв 2022, 20:02
A:t tapmadym,
Brawoo, kitaby norm sužetde dynmak üçin ýeketäk şol ýoly bar. Sebäbi bedeni işlemeýän adam bilen bagtly maşgala gurup bolmaýar, diňe Walt Disneýiň erteki şekilli multfillimlerini hasap etmeseň.))
Belki
Автор 31 янв 2022, 20:03
Hiayres,käte kä zada düşüneris ýöne dûşündirip bilmeris.Düşünýän adam hökman düşündirip bilmelidir diýen zat ýok.
At tapmadym,meñ öñ dostlukda açypdym şu mowzugy.Ýöne Williñ sözlerini aýtmandym.Diýmek,menden başga birem şu eser hakynda agzan bolmaly.
Biohimik
31 янв 2022, 20:04
Belki,
Sagboluñ kop kop minnetdar blog
Hiayres
31 янв 2022, 20:05
Belki,
Goý, siziň diýeniňiz bolsun jora.))
Belki
Автор 31 янв 2022, 20:09
Hiayres,men siziñ jorañyz däl.Meniñ diýenim bolsun diýibem duramok.Arkaýyn pikriñizi aýdyberiñ.Jedel çekişme meniñ halaýan zadym.Azajyk mgbt köseýär diýmeseñ.Jedelden meniñ diýenim bolsun diýip göwnüm üçin däl-de çynyñyz bilen ylalaşyp çykmagyñyzy isleýärin.
Hiayres
31 янв 2022, 20:10
Söýgi - bu janyňy ýada durmuşyňy kimdir biri üçin gurban etmek däl-de, tersinedir.
Belki
Автор 31 янв 2022, 20:14
Hiayres,bärde janyny söýgi üçin gurban etjek bolýan ýok.
Hiayres
31 янв 2022, 20:14
Belki,
Dostluk-da haýsy agzadyňyz?
Mechta
31 янв 2022, 20:14
Pust gowaryada gelipdi bilinen ysagy yok oglan ozem leksya gecyan ekeni ady doly yadyma dusenok Nik wusich bolmagam ahmal korey yada hytay gyza oylenipdir cagalaram bolupdyr son pust gowaryada gelenlerinde
Mechta
31 янв 2022, 20:14
So yadyma dusdi
Belki
Автор 31 янв 2022, 20:18
Hiayres,@Belki dostlukda-da.
Banlandym.
Hiayres
31 янв 2022, 20:32
Belki,
Цитата: Belki
Hiayres,bärde janyny söýgi üçin gurban etjek bolýan ýok.


Jany sagat gyzyň boýnundan aşagy ysmaýan kişini söýmesi ("Söýgi" diýip, söýgüni doly manysynda göz öňünde tutsak asla bolup biljek zat däl, ýöne gyzyň başdaky ýaşan kynçylyklary we oglanyň maddy ýagdaýyny göz öňüne tutup, gyz gowy ýaşaýyşy söýýär, o ýüzdenem oglandan ýüz döndürip bilmeýär diýseňem boljak. Gowy ýaşaýyşy söýmekligem, söýgi ahyry... Ýöne ejiz söýgi, öz güýjüne ynanmaýan, ynamsyz kişiniň söýgüsi.) öz janyny söýgülsi üçin gurban etdigi manyny aňlatmaýarmy?! Doly maşgala bolup bilmez, fiziki islegini kanagatlandyryp bilmez, çagalyk arzuwlary puja çykar we elmydam adamsynyň yzynda çaga seredendenem beter göz-gulak bolup, hyzmat edip ýörmeli bolar. Bu eýse gurbanlyk bolman, näme bolýar onda?!
noname
31 янв 2022, 20:53
Цитата: Belki
Danger,şol meñ diýýänimmikä?
Azajyk mazmunyny gürrüñ beriñ hany.
Biohimik,öñem iki üç agza kitap soranda aýdypdym:"Aýda 500 mgbtlyk taryf ulanýan.Üstesine poçtamam haýal bolansoñ bar mgbtymy sorýar".Bagyşlarsyñyz.

arabada oturan oglan bolmaly,aşagy hatly kino goryaler