"Senden öñ men"

Salam agzalar!Size bir soragym bar:Sagdyn däl adamyny söýüp bilermisiñiz? Bu soragy bermekdäki maksadym pikriñizi bilmek däl.Çünki,hemmäñiziñ biragyzdan "Ýok"diýip jogap berjekdigiñizi bilýärin.Meniñ başdaky soragym diñe giriş sözlemi.Men bu gün size döşünden aşagy ysmaýan ýigde aşyk bolan gyz hakdaky romany gürrüñ bermekçi.Bu Jojo Moyesiñ "Senden önce ben" romany.Okan romanlarymyñ arasynda iñ uly täsir galdyranlardan biri.Romanda söýgi duýgusy mümkin bolan iñ romantik dilde beýan edilýär.Hatda,hakyky söýgiñ nämedigine bu romany okaman düşünmersiñiz diýesim gelýär.
Roman Louisa Clark atly gyzyñ ofisant bolup işleýän kafesiniñ ýapylmagy bilen başlanýar. Gün-güzeranyny agyr dolaýan maşgalanyñ gyzy bolan Louisa özüne täze iş gözlenip ugraýar.Şeýlelik bilenem näsag ýigit Will Traynora seretmek maksady bilen Traynorlaryñ baý,kaşañ jaýlaryna işe alynýar.
Traynorlaryñ ýeke ogly Will Traynor baý,owadan,işewür ýigit.Onuñ her güni täze başdan geçirmelerden dolup durka,ýagyşly günleriñ birinde motosikl heläkçiligine uçraýar.Şondan soñ döşünden aşagy ysmaýan,mydama özgä mätäç bolan,barmaklarynyñ diñe bir-iki sanysyny hereket etdirip bilýän,ömrüni maýyp tigirçeginde geçirmäge mejbur bolan ynsana öwrülýär.Will şol ýagdaýda iki ýylyny geçireninden soñ Louisa Clarky oña gözegçilik etmek üçin işe alýarlar.
Will bilen Louisanyñ ilkibada jyny jyñkyryşmasa-da soñabaka olar iki ýakyn dosta öwrülýär.Williñ agyr kesellidigine garamazdan degişgenligi,alçaklygy,garşydaşyny ýañsylaýşy Louisany ýuwaş-ýuwaşdan özüne çekip ugraýar.Will Louisa ýürekgysgynç durmuşyny taşlap,täze hünärler öwrenmegi,dünýäni gezmegi maslahat berýär.Biri-biri bilen edebiýat,aýdym-saz,kino sungaty barada içgin pikir alyşýarlar.
Şeýle günleriñ birinde Louisa tötänden Williñ Dignitasa (Dignitas -özüni öldürmek isleýän adamlara añsat ölüm eçilýän ýer) gidip,ömrüni soñlandyrmak isleýändigini eşidýär.Ony bu gelen netijesinden dändirmäge synanyşýar.Onuñ üçin her dürli syýahatlary,gyzykly başdan geçirmeleri gurnaýar.Şeýle gyzykly başdan geçirmeleriñ birinde bolsa ol özüniñ Wille aşyk bolandygyna düşünip galýar.Indi Williñ ölümi Louisa üçin diñe bir dostuñy,hojaýynyñy ýitirmek däl,eýsem hakyky söýgisini-de ýitirmek boljakdy.Louisa öñküsindenem güýçli depgin bilen ony bu netijesinden dändirmäge synanyşýar.Eýsem,Louisa muny başardymyka?
Agzalar,mundan añyrsyny gürrüñ berjek däl.Sebäbi okajaklara soñuny aýtdygym bolar.Ýöne şu romany size çynym bilen maslahat berýärin.Şeýle hem "Senden önce ben" (türkçe terjimesi) ady bilen romanyñ filmi surata düşürildi.Oña-da tomaşa edip bilersiñiz.

Sözümiñ soñunda size şeýleräjik sowalym bar:Siziñ bir ýakynyñyz Williñ ýagdaýyna düşse,şeýle netijä gelse,siz ony gelen netijesinden dändirmäge synanyşarmydyñyz?Ýa-da onuñ iýjegi-içjegi we beýleki hajatlary özgä bagly bolan durmuşda ýaşanyndan ýaşamany gowy diýip,gelen netijesine hormat goýarmydyñyz?

Hormatlamak bilen @ Belki.
9 лайков 535 просмотров
53комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
Автор 31 янв 2022, 20:54
Williñ özüne seredýän bir erkek şepagatçysy bar.(Nathan) Mundan daşary hem söýgi gatnaşygyny saklap başlasalar,Wille göz-gulak bolmak üçin Louisany hakyna tutuşlary ýaly birini hakyna tutjakdylar.Louisa başga işe geçjekdi.Ýagny,Williñ ätiýaçlaryny kanagatlandyrjak iki kişi işlemeli.Aýtman geçmäýin,gyzyñ baýlyk bilen işi ýok.Eserde bu hakda ýekeje-de epizod,pikir ýok.
Shahrukh khan
31 янв 2022, 20:57
Belka jigim sonky dowur soygi hakda aktiwsin weli soyupsin oydyan birini :)
Belki
Автор 31 янв 2022, 21:05
Şahruh han,ýok,men mydama-da söýgi hakda ýazýanam,okaýanam.Mundan şahsy durmuşyma degişli maglumat gözlemäñ.
Shahrukh khan
31 янв 2022, 21:10
Sen yashayan etrabyndan bir gyz bn gurleshipdim. Gowja gyzdy 94 yyl. Onler internetde yazyshyadyk. Son sonlar yitip gitdi. Bir gezek Ylham alleyada dushdy. Ondada meni tanady ol. Joralaram bar yanynda. Shonda 1 gezek gordum erbet gormedim. Soz aytdym kabul etdi. Yone oz garyndashlaryna chykardylar. Shonda aydypdy "Gowun bersegem biz dinlenilmeyas. Oyumizdakilerin diyeni bolya bizde" diyip shol yadyma dushdi. Sizinkiler Gowune seretmezler :)
Shahrukh khan
31 янв 2022, 21:11
Shonun ucin soymegin hayry yok :)
Shahrukh khan
31 янв 2022, 21:11
Shonun ucin soymegin hayry yok :)
Leyli Amanowa
31 янв 2022, 21:54
Gyzykly kino aglapdym
Ötegçi
31 янв 2022, 22:16
Birhili ýeñil edebiyat yaly goryan. Portaklmy şekerli portokal yaly kitaby bardy sul awtoryñ yalñysmasam okap bilmedim men-ä. @Belki sizden birhili geñ gordim, daýzamyñ 18 yaşly gyzynyñ kitap okap oturanyny gorip, elinden alyp agdaryşdyrsam, "Senden once ben" eken ady. Görup oturanam "Camdaki kiz" meni şo kitap hiç hili ozine çekmedi, ne hili,ne daşky sahaby, ne başlanylşy. Hatda näme soz bn başlyanam yadyma duşenok. 7-8 ýyl mundan öñ okan kabir kitaplarym bar, düynjik okan yaly gurriñ edip berip biljek. Bu birhili "ucuz roman" diyyami namemi turkler.
Soraga jogap: nadibem bolsa yaşatmagyñ ugryny tapardym. 2 sany beden taydan sagdyn beyni taydan nasagy bu pikirinden dondiribem gordim(ajallarm yetyan daldir wln) garaz onda da
Leyli Amanowa
31 янв 2022, 22:25
Ötegçi,
"çamdaki kiz" serialyny göryän şondaky gyzyň durmuşy meňki yaly azajyk tapawut bar
Aksary
31 янв 2022, 22:30
Bää tapypsyñyzda bu diyyän kitabyñyzy :)
Leyli Amanowa
31 янв 2022, 22:33
Bagul_Atayeva,
turkmenlerdenem berdi ony uklap yöňmi sen? 7-nji synp wagtym gördum
Belki
Автор 31 янв 2022, 22:36
Şahruh han agam,tüweleme bir ýerde bir gyz bar bolsa söz aýdyp çykypsyñyz :)
Ýok,ol tiräñe bagly bolaýmasa.Mende onuñ ýaly ýagdaý ýok."Söýeniñ özüñki" diýeýin-le :)
Ýöne mende mekdep döwrüm,talyp döwrüm "Hiç kim bilen gepleşjek däl.Kim guda gelse şoña barjak"pikri bolupdy.Jañ eden,söz aýdanlaryñ ählisini bloklardym :)
Soñ işe duranymdan soñ gelen gudalara göwnüm ýetmän başlady.Olam 2020-nji ýyl-da.Şonda pikir etdim:Eger gapymy kakýanlara göwnüm ýetmeýän bolsa,näme üçin özüm saýlamaýyn?!".Mundan soñ ondan-mundan söz aýdanlara kriteriýalaryma görä jogap berdim.Dogrusy,gőwnüme gőrä biri çykmady garşyma.Şonuñ üçinem şu wagta çenli hiç kim bolmady durmuşymda.
Şahsy durmuşym hakda soraýanlaryñ ählisini kanagatlandyrandyryn diýip umyt edýän.Indi şu tema ýapylsyn. :)
MEKAN
31 янв 2022, 22:39
Gelen netijesine hormat goyardym yolagcy yolda yagsy diyipdirler goja
Shahrukh khan
31 янв 2022, 22:42
Sahsy meselan ucin senden otunc sorayan.

Sen menin yash wagtymdaky suratlarymy yash wagtlarymdaky wakalary eshitsen hayran galarsyn :). Gyzlar sachyma ashykdy :). Men name ucin shahrukh khan niki saylanym edil shonunky yaly sachym bardy:). Oylenemson akyllandym.
Belki
Автор 31 янв 2022, 22:43
Bagül,eger şu aýdanyñ hakykat bolsa saña Berekella! Lal gyza öýlenjek diýen Ideallidere-de Berekella!
Kinosyny menem görmändim.Görenleriñ biri mazmunyny gürrüñ beräýsin.Şolmuka biler ýaly.
Leyli Amanowa
31 янв 2022, 22:44
Bagul_Atayeva,
aňyň gursun
Shahrukh khan
31 янв 2022, 22:49
Amir khan yaly soygulsini gujaklap odun dashyndan 7 gezek aylanshy yaly mensm ayalymy tashlamaryn sebabi molla nika gyyanda "In gowy gunundede in kyn gunundede ar ayal bolmaga razymy" diyip soraya. Sholar yaly gowy gunun gerek bolshy yaly kyn gundede gerek.

Magtymgulyn aydyshy yaly

Bashyn yassyga yetende ogul gyzyn yatca bolmaz. Yat ayal mysalynda
#B.S
31 янв 2022, 22:51
Men bir kino görüpdim ýöne anyk bilýän mowzukdaky kino däl sebäbi ol kino türkleriňki, ýöne meňzeşiräk. Bir gyz bir oglany gowy görýä çagalykdan oglan bolsa ony öz dogany ýaly gowy görýä. Oglan başga bir baý gyzy gowy görýär. Ol baý gyz oglana gaçyp barýar. Soņ oglan bir kesel tapyp maýyp bolýar. Ol baý gyzam ,,eý ýok men ýaşaşyp bilmen" diýip taşlap gidýa... soň ol oglany gowy görýän gyz ýaňky oglana seredýär...
Umuman alanda beýle filmler ýa kitaplar meniň üçindäl... iki ýa üç bolup görüp otyrkalar gadaldan sokulyp göräýmesem...

Menemä söýerdim... söýýänem...
Belki
Автор 31 янв 2022, 22:54
Şahruh han agam,bet bolupsyñyz-da onda ýaşkañyz :)
Ötünç soramak gerek däl.Siziñ üstüñiz bilen ähli soraýanlara,sorajaklara jogap berdigim boldy.
Şahruh han,şol başyñyzdan geçen wakalaryñ şu ýerde agzap bolaýjaklaryny goýsañyz gyzyklanyp okardym.Siz meniñ tersime şahsy durmuşyñyz hakda geplemegi halaýana meñzeýäñiz :)
Shahrukh khan
31 янв 2022, 23:01
Nesip bolsa hazir birini yazjak senin ucin jigim. Men ozum gurlegen kakama menzan. Ishdede ishdeshlem gowy goryaler guymap otyryan. Dashoguzda bolnitsada ishlan wagtlarymam adeleniyadakylar gije smena dushsek nahara chagyrardylar senin bn gyzykly diyip. Okayan wagtlarym kursdashlar mugallymym tema aytmada guymesen boldy bizi diyyadiler :) hazir ishlerim kop bolanson kan el degenok yatlamalarymy yazmaga
Belki
Автор 31 янв 2022, 23:04
Bägül,Google-a ýazyp göräýmeseñ.Onsoñ saýty salgy berer-dä.Meñ telefonym girenok.Men diñe kitaphon tanyşlarymyñ arkasy bilen okaýan.Men soraýan,olar ugradýarlar.Şolardan Alla razy bolsun!
Aksary,meñ diýýänim bu kitap däl.Şol ýazyjyñ başga kitaby.
Belki
Автор 31 янв 2022, 23:11
Bägül,şol diýýän eseriñi menem okapdym.Gaty ýarapdy.
Belki
Автор 31 янв 2022, 23:44
Bägül,elbetde,begenerin.
Halanlaryñy ugradyber.